Täsirli geçen maslahat

2 Noýabr 2021
1075

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak barada beren gymmatly maslahatlaryny we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, bilim işgärleriniň işjeňligini artdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde «Ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek bilim işgärleriniň möhüm wezipesidir» diýen at bilen bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň işgärleri hem gatnaşyp, usuly maslahatlar bilen çykyş etdiler. Demirgazyk sebitiň bilim işgärleriniň maslahaty Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirildi. Bu ýerde welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň taýýarlan okuw-görkezme esbaplarynyň, mekdep okuwçylarynyň taslama-döredijilik, robot tehnikasy boýunça işleriniň sergisi hem guraldy.

Arazgül BABAJYKOWA,
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri.