Ertekiler we çaga terbiýesi

3 Noýabr 2021
1402

Nesilleriň aň-düşünjesini ýokarlandyrýar

“Bir bar eken, bir ýok eken...” diýen jümleler bilen başlanýan, çagalary aýratyn bir jadyly dünýä alyp gidýän türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri hem ertekidir. Ertekiler, esasan, üç topara bölünýär. Olar durmuşy, hyýaly we haýwanlar baradaky ertekilerdir. Durmuşy ertekilerde, esasan, halkyň bagtly durmuşy, azatlyk ugrundaky göreşi, arzuw-umytlary beýan edilýär. Hyýaly ertekilerde adamlar tebigatyň gara güýçlerine garşy göreş alyp barýarlar. Onda adamyň döw, aždarha, al-arwah, jyn, jadyly peri ýaly hyýaly gahrymanlardan üstün çykyşy görkezilýär. Haýwanlar baradaky ertekilerde bolsa haýwanlaryň üsti bilen adamlaryň gylyk-häsiýetleri açylyp görkezilýär.