Okuwçylaryň kitap okamaga höwesini artdyrmak

2 Noýabr 2021
805

Häzirki ösen döwrümizde ýaşlara bilim bermegiň iň kämil ugurlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Bu wezipeleriň okuw maglumatlarynyň berlişinde terbiýeçilik ähmiýeti bilen baglanyşyklydygy bellärliklidir. Berilýän bilimiň ýokarylygy onuň terbiýeçilik ähmiýetliligi we täsirliligi bilen şertlendirilýär. Bu ýagdaý okuw döwrüne mahsusdyr, emma mekdep okuwçylarynyň okuwdan boş wagtlaryny ýada dynç alyş möwsümlerini peýdaly geçirmegi üçin okuwterbiýeçilik işlerinden üzňe bolmadyk usullardan peýdalanmak göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle pursatlarda kitap okamagyň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy iş we durmuş tejribesinden bellidir.

Hormatly Prezidentimiz kitabyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen: «Kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýän çeşme, adamzadyň akylpaýhasyny durlaýan gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Nurjan AMANNEPESOW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 13nji orta mekdebiň mugallymy.