Terbiýe mekdebi

31 Oktýabr 2021
1260

Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde ata-babalarymyzdan miras galan nakyllaryň, rowaýatlaryň, tymsallaryň ähmiýeti juda uludyr. Watansöýüji nesliň kemala gelmeginde taryhy şahsyýetleriň gahrymançylyklary, mukaddes Watan topragyny jandan eziz görüşleri milli terbiýä siňip, mekdep bolup hyzmat edip gelýär

Nesiller hakdaky aladalar geljegimiz hakdaky aladalardyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň bilim ulgamynda nesilleriň terbiýesine aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe nesillerdir orta mekdeplerde bilim alýan oglan-gyzlaryň terbiýesinde milliligiň möhümligi öňe sürülýär. Biz çagalar bagymyzda terbiýelenýän çagalarymyza berýän terbiýämizde edebi çeşmelerden giňden peýdalanýarys. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bu babatda bize gymmatly gollanma bolup durýar.

Ogulkeýik ÝOLLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynyň müdiri.