Okuwçylary taryh dersinden bäsleşiklere taýýarlamak

31 Oktýabr 2021
1210

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak bilen bagly netijeli işler bolsa, ylym-bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda her ýyl mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen dürli dersler boýunça bäsleşikler geçirilýär. Şol bäsleşikler tapgyrma-tapgyr esasda geçirilip, ýokary taýýarlyga eýe bolan mynasyp okuwçylar ýeňiş gazanýarlar. Ders bäsleşikleriniň taryh ugry boýunça geçirilýän bölegi okuwçylarda aýratyn uly gyzyklanma döredýär. Okuwçylaryň geçmişe bolan gyzyklanmasy taryhy öwrenmek we seljermek, möhüm seneleri ýatda saklamak, wakalary yzygiderli beýan etmek, öz üstüňde dyngysyz işlemek bilen baglanyşykly başarnykdyr endikleriň kemala getirilmegi bilen utgaşanda has-da oňyn netijeleri berýär. Bäsleşige gatnaşmaga meýilli bolan ýa-da taryh sapaklarynda oňat ýetişýän okuwçylary taryh dersi boýunça bäsleşiklere taýýarlamak bolsa, mugallymlardan hem ýokary ussatlygy talap edýär. Eýsem-de, taryh mugallymy öz okuwçysyny ýa-da okuwçylaryny ders bäsleşigine nähili taýýarlap biler?

Dinmuhammet TEKÄÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.