Okatmagyň interaktiw usullarynyň ähmiýeti

2 Noýabr 2021
1256

Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa ornaşdyrýan il-ýurt bähbitli beýik işleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Şunda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde hem uly işleriň ýola goýlandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda bilim ulgamyndaky düýpli özgertmelerde okatmagyň mazmunyna has çuňňur üns berilýär. Şunda multimedia we interaktiw okuw usullary döwrebap işleriň biri bolup durýar.

Türkmen dili we edebiýat sapaklaryny ýokary derejede okatmak üçin hem-de okuwçylaryň başarnyklaryny, endiklerini ösdürmekde esasy orun okatmagyň serişdelerine degişlidir. Bilim bermegiň esasy serişdelerine dürli hili görkezme esbaplar, suratlar, tehniki serişdeler, multimedia tagtasy, oňat abzallaşdyrylan synp otagy we şuňa meňzeşler degişlidir. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanylanda her bir geçilýän temanyň döwrebap, terbiýeleýjilik häsiýetli bolmagynda, okuwçylaryň ukyp-başarnyklarynyň ösmeginde, olaryň tema bolan gyzyklanmasynyň artmagynda uly ähmiýete eýedir.

Gülzar NAZAROWA,
Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň mugallymy.