Ýaňy dünýä inen perzent topraga ýaňy oturdylan nahal kysmydyr. Şonuň üçin çaga hem üns-alada bilen garamaly, edep-terbiýe öwretmeli. Okuwçylaryň terbiýesine ene-atalar bilen bir hatarda mugallymlaryň hem täsir etmegi we üns bermegi möhümdir. Asylly ýörelgelerimizden ugur alnyp geçilýän her bir sapakda, terbiýeçilik sagatlarynda perzent terbiýesine aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Okadýan ýokary synp okuwçylarymda terbiýeçilik sapaklaryny täsirli guramaga üns berýärin. Olar bilen «Ýagşy dost tutunmak hakynda» diýen tema boýunça terbiýeçilik sapagyny geçdim. Bu sapakda çeper edebiýatlardan, olardaky şygyrlardan we hormatly Prezidentimiziň eserlerinden peýdalanýarys.