Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde çeper edebiýatymyzy ösdürmäge, kämilleşdirmäge we halk döredijilik eserlerini içgin öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Diliň we edebiýatyň hakyky eýesi halkdyr» diýen parasatly sözleri-de tassyklaýar.
Geçmiş edebiýatymyzdaky şahyrlarymyzyň döredijiligine ser salyp, olaryň eserlerini öwrenenimizde, özboluşly tärleriň ulanylandygyna nazaryň düşýär. Şeýle tärleriň, özboluşly aýratynlyklaryň biri hökmünde şahyrlarymyzyň tapmaça häsiýetli şygyrlarynda durmuş, tebigat hadysalary hem-de dürli ylymlar bilen baglanyşykly getirilýän sanlary ýörite nygtamak zerurdyr. Umumybilim berýän orta mekdepleriň 9-njy synp okuwçylaryna edebiýat sapagynda XVIII — XIX asyr türkmen edebiýatynyň şahyrlary, olaryň ömri we döredijiligi, dürli temadan döreden goşgulary öwredilýär. Nusgawy şahyrlaryň döreden tapmaça häsiýetli şygyrlarynda matematiki sanlar köp ulanylyp, şeýle häsiýetli goşgulary okuwçylara öwretmek we düşündirmek has-da gyzyklydyr. Munuň sebäbi edebiýat mugallymy okuwçylara çeper edebiýat, söz sungaty, goşgy düzülişiniň görnüşleri ýaly gyzykly maglumatlary bermek bilen, şol bir wagtyň özünde okuwçynyň takyk ugurlar bolan matematika, geometriýa ýaly derslere bolan höwesini, bilesigelijiligini hem artdyrýar. Şeýle häsiýetli goşgulary döretmek ony ýazýan şahyrdan uly ussatlygy talap edýär.