Ýaş nesil — röwşen geljegimiz

1 Noýabr 2021
745

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly asylly başlangyçlar jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak uly güýç bolup durýar.  

Sowatly, kämil hünär taýýarlygy bolan ýaşlary ýetişdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen dürli ugurlardan bilim berýän ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş hünärmenleri ýetişdirmegi, bilim ojaklarynyň ösen kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bu işleriň has-da rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, hünär saýlamaklary, döwrebap bilim almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler bar. Ýürek arzuwlaryna, köňül maksatlaryna ýetmekleri üçin döredilen ähli amatlyklar ýaş nesilleri belent maksatlara ruhlandyrýar.

Ýusup ARAZMUHAMMEDOW,
Esenguly etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.