Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti

31 Oktýabr 2021
1479

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ene dilimizi we dünýä dillerini ylmy taýdan öwrenmäge hem-de ýaşlara çuňňur öwretmäge berilýän üns guwandyryjy netijeleri berýär. Halkymyzda: «Dil — halkyň ruhy hazynasy» diýen parasatly jümle bar. Hakykatdan hem, her ýurduň öz milli dili onuň ruhy baýlygy bolup durýar. Şeýle hem häzirki döwürde bilim almak, ylym öwrenmek üçin ene dili bilen birlikde daşary ýurt dilleri hem ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaş nesillere diňe bir türkmen dilini öwrenmek üçin däl, eýsem, daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz «Dil — bu halkyň ruhy ahbetin! Men köp dil bilmek syýasatynyň ýurdumyzda barha rowaçlanýandygyna örän begenýärin» diýip, köp dil bilýän ýaşlarymyza, raýatlarymyza guwanýandygyny belleýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän okuw mekdeplerinde, orta we ýöriteleşdirilen mekdeplerde, şeýle hem ähli ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilini öwrenmek üçin dünýäniň iň kämil, öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan aýratyn synp otaglarynyň bolmagy ylymly-bilimli ýaşlary ýüze çykarmakda uly mümkinçilikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.

Eziz Diýarymyzda ähli pudaklarda sanly ulgama geçmek boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşýan pudaklar bilen birlikde ylym-bilim ulgamynda hem sanly ulgama geçmek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Diýarymyzda birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şeýle-de, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda teleköpri arkaly okuw sapaklarynyň geçirilmegi bilim işgärleriniň, şonuň bilen birlikde, ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine hem-de öz ugurlary boýunça tejribeleriniň artmagyna uly ýardam edýär.

Enegül ANNAGURBANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.