"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ezber okuwçylar bäsleşdiler

Golaýda welaýat Baş bilim müdirligi bilen TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde yglan etmeginde, şäheriň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatyň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň arasynda 12 ugur boýunça döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda okuwçylar goşgy düzmek, hekaýa ýazmak, diwar gazetlerini, türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak hem wasp etmek, daşary ýurt dillerinde diktant ýazmak, goşgy aýtmak we täzeçe oýlap tapan taslama işleri boýunça bäsleşdiler. Juda çekeleşikli geçen bu bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, bäsleşigiň «Dil bilen dünýäni gezer» atly daşary ýurt dillerinde türkmen Bitaraplygyny çeper wasp etmek ugry boýunça harby okuwçy Mergen Atabalow 3-nji orna, «Ýaş fizik» atly ylmy döredijilik ugry boýunça Şatlyk Nazarow hem şeýle üstünlige mynasyp boldy. Harby okuwçylarymyzyň bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri olaryň maksada okgunlylygyny, Watany goramaga bolan höweslerini, ata Watanymyza bolan söýgülerini has hem artdyrdy.

Bagtyň çyragy

Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde, bilim ulgamy çalt depginler bilen ösdürildi, ylmy-barlag taslamalarynyň täze ugurlary gün tertibine çykaryldy. Halkymyz geljege uly maksatnamalar bilen barýar, ýaşlar ylymly-bilimli edip ýetişdirilýär. Şeýlelikde, agzybirlik, jebislik Türkmenistanyň ähli babatlarda hem okgunly ösüşini şertlendirýär. Sözüň doly manysynda, milli Liderimiziň parahatçylygy, halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ylma we bilime daýanýan parasatly ýörelgeleri dünýä jemgyýetçiliginde bütin aýdyňlygy bilen şöhlelenýär we ählumumy ykrarnama eýe bolýar. Türkmen halky ähli döwürde-de ylym-bilime uly sarpa goýup gelipdir, ylym ugrunda işleýän adamlary hormatlapdyr. Ylma şeýle garaýyş Garaşsyzlyk ýyllarynda, häzirki günlerimizde has-da aýdyň ýüze çykýar. Gahryman  Arkadagymyz eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny düýpli özgertmek üçin geljegi uly başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bilim, ylym biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Orta mekdeplerde bilim alan ýaşlar ýokary okuw mekdeplerinde has-da kämilleşýär we ylym ýoluna düşýär. Ylmyň dowamly ýoly bolsa ýadawsyz zähmeti, yhlasy talap edýär. Milli Liderimiziň parasatly belleýşi ýaly, Türkmenistan bu gün ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde yzygiderli ösýän döwlet hökmünde halkara jemgyýetçilikde uly abraýdan peýdalanýar. Bu bolsa Gahryman

Ene dilim — eziz dilim

Ene dilimiz gadymy edebi dilleriň biridir. Ol Oguzhan eýýamyndan bäri sözleýiş hem ýazuw dilleri görnüşlerinde hyzmat edip gelýär. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy jemlenen müňlerçe atalar sözi, nakyllar, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly ajaýyp eposlar, dessanlar öz ene dilimizde gelip ýetipdir. Biziň Azady, Andalyp, Magtymguly, Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly söz ussatlary tarapyndan nusgalyk derejesine ýetirilen baý ýazuw edebiýatymyz bar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ene dilimiz öz gözbaşyny Oguzhandan alyp gaýdýan, ähli türki halklaryň dilleriniň esasyny düzýän dildir. Ol gadymylygy, söz baýlygy, sözleriniň many goýazlygy, täsirliligi, labyzlylygy bilen has-da kämildir. «Dil milletiň ruhy keşbiniň aýnasydyr» diýmek bilen hormatly Prezidentimiz ene dilimiziň ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ýokary ahlakly, watançy ýaş nesli ýetişdirmekdäki, milli aňyýeti kemala getirmekdäki hyzmatyna örän uly baha berýär.

Sapakda işjeň usullaryň ähmiýeti

Ene dilimizi okuwçylara çuňňur we ýokary derejede öwretmek her bir türkmen dili we edebiýat mugallymynyň mukaddes borjudyr. Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, milli dilimiziň kadalaryny okuwçylaryň aňyna dogry we dürs ornaşdyrmak hökmanydyr. Şunda geçýän her bir sapagymyzy talabalaýyk guramaga çalyşýarys. Şol bir mazmunly adaty sapaklardan daşda durup, okatmagyň dürli usullaryny ulanmak arkaly okuwçylarda türkmen dili sapagyna bolan höwesi artdyrýarys. Bilşimiz ýaly, mugallym sapak guranda, okatmagyň dürli usullaryndan, ýagny okuw kitabyndan, multimedia tagtasyndan, gazet-žurnallardan, görkezme esbaplardan, soragnamalardan, krosswordlardan ýerlikli peýdalanýar. Türkmen dili sapagynda hem okuwçylara döwrebap bilim, terbiýe bermekde, temanyň maksadyna laýyklykda, şol usullaryň käbirleri saýlanyp alynýar. Şunda mugallymyň esasy maksady, şol usullary ulanmak arkaly okuwçylaryň türkmen diliniň grammatikasyna laýyklykda sowatlylyk derejesini artdyrmakdan, sözleri dürs we harplary owadan ýazmaklaryny gazanmakdan ybarat bolup durýar.

Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmek

Ýaş nesle bilim we terbiýe bermek işi mugallymlardan hünär ussatlygyny talap edýär. Munuň üçin mugallymyň döredijilikli zähmet çekmegi zerur bolup durýar. Bu meselede başlangyç synp mugallymlarynyň tagallasy has-da möhümdir. Başlangyç synplarda çagalar okamak, ýazmak, pikirlenmek, beýan etmek başarnyklaryny öwrenýärler. Her bir okuwçyda bu başarnyklary kemala getirmek bolsa başlangyç synp mugallymlarynyň paýyna düşýär. Bilim işiniň dogry we netijeli guralmagynda başlangyç bilim basgançagyndaky usuly çeşmeleriň üstünlikli bolmagyna aýratyn orun degişlidir. Bu döwürde çagalar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň many-mazmuny olaryň güýçýeterligine laýyklykda alnyp barylýar.

Bilim — röwşen geljegimiz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Gazanylýan üstünlikler halkymyzyň, şol sanda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň eşretli, asuda durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylym-bilim ýaş nesilleriň terbiýesiniň ünsden düşürilmeýän ugrudyr» diýip belleýşi ýaly, bu günki gün nesilleriň kämil bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bilim — röwşen geljegimiz, ol durmuşa ýagty saçýar. Halk arasynda «Ylymly — ozar», «Bir okana, bir dokana» diýlen parasatly jümleler bar. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi ylmyň-bilimiň ösmeginde, ýaş nesilleriň kämil bilim almaklaryndadyr.

Sanly ulgamyň ösüşleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, hususylaşdyrylan önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, ykdysady işiň subýektleriniň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagyna, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup durýar. Munuň özi ösüşiň tizligini üpjün etmekdir, özgertmeleri tiz durmuşa ornaşdyrmakdyr.

Iňlis dilini öwrenmegiň täsirli serişdesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Täze tehnologiýalar we okatmagyň häzirki zaman usullary ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň zerur şertidir» diýip belleýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak arkaly mundan beýläk-de okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Talyplara daşary ýurt dillerini öwretmekde bilim ulgamynda özara işjeňlik — interaktiw usuly ornaşdyrmak wajypdyr. Bu günki gün sanly ulgam okuw işiniň aýrylmaz bölegidir.

Mugallymyň sarpasy

Durmuşda her bir käriň öz sarpasy, şol käriň eýesi bolan adamlaryň bolsa hormaty bar. Mugallymyň käriniň, şonuň bilen birlikde bu käriň eýeleriniň sarpasy has-da uly. «Mugallym» diýilse her bir adam edep-terbiýe beriji, ýol görkeziji ynsany göz öňüne getirýär. Olar ak mekdepde biziň elimize galam tutduran, okamagy, ýazmagy, sanamagy öwreden ynsanlar. Şonuň üçin biz mugallymlarymyzy unutmaýarys. Mugallym — orta mekdepde bilimiň binýadyny goýan ussat, talyp döwrümizde ylym öwreden halypa. Olar bizi durmuş ýoluna salan mähriban ynsanlar. Durmuşda ene-atamyz bilen deň derejede görýänimiz, hormatlaýanymyz, elbetde, mugallymlarymyzdyr.

Dil we terjimeçilik sungaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Ylym, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa ýokary okuw mekdeplerinde berilýän terbiýäniň, bilimiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejede bolmagyny talap edýär. Çünki geljekki ezber hünärmenleri taýýarlamak işinde her bir dersiň aýratyn orny bar. Şoňa baglylykda, ýurdumyzda terjimeçilik işiniň ösmegine hem uly badalga berildi. Terjimeçilik işi özboluşly sungaty ýada salýar. Terjime edilýän eseriň has gyzykly, çeper bolmagy üçin terjimeçi şirinden-şirin, şireli we owadan sözleri ulanmaga çalyşýar. Ussat edebiýat terjimeçileriniň bellemegine görä, terjimäniň şowly çykmagy üçin iki dili hem suwara bilmek hökmanydyr. Şonuň üçin terjimeçilik işini saýlap aldyňmy, onda iki dile hem terjime etmegi, ýagny iňlis dilinden türkmençä, türkmençeden iňlisçä terjime etmegi başarmak gerek. Şeýle-de, iki dile hem degişli sözleri, söz düzümlerini ýerlikli ulanmak zerurdyr. Terjime edilýän sözleriň türkmen dilindäki sinonimlerinden iň laýygyny, terjime edilýän sözlere has ýakynyny ulanmak bilen, onuň çeperçiligi artdyrylýar. Şundan görnüşi ýaly, terjime diňe diýiljek bolunýan zadyň manysyny bermek bilen çäklenmeýär. Many-mazmunyň okyja düşnükli hem-de täsirli bolmagy üçin, ilki bilen, terjime edilýän sözler

Bilime bagyşlanan ömür

Ynsany ruhy kämillige alyp barýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar. Şunda ýaşlara bilim-terbiýe bermekde, olaryň sowatly, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde mugallymlaryň zähmeti uludyr. Mugallym — ählimiz üçin mähriban adam. «A» harpyndan başlap, bilimler dünýäsinde näme gazanan bolsak, biz munuň üçin, ilkinji nobatda, mugallymlara hoşal bolmalydyrys. Ykbalyny bu hormatly käre baglap, ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ýaş nesle bilim-terbiýe berip gelýän, olaryň sapaklary doly özleşdirmekleri ugrunda tagalla baryny edýän halypa mugallymlaryň biri-de Ogulsoltan Pälwanowadyr. Häzirki günde halypa mugallym Aşgabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde ýokary synp okuwçylaryna biologiýa dersinden sapak berýär. Ol şonuň bilen birlikde 6 ýaşly mekdep okuwçylaryna-da bilim berýär. Onuň mugallymçylyk kärinde işläp ýörenine 55 ýyl bolupdyr. Ogulsoltan mugallym gürrüňini alkyşdan başlady:

Döwletiň synmaz sütüni

Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti örän uludyr. Bitaraplyk — bu baky bagtyň, parahatçylygyň aýdymy, aýdyň ertirlerimiziň, röwşen geljegimiziň ykrary. Bitaraplyk — bu agzybir türkmen halkynyň dost-doganlyk sarpasy, goňşa goldawy. Asudalygy, rahatlygy ömrüniň manysyna deňeýän halkymyz bu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgelerini alamatlandyrýan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllyk toýuny belleýär. Asyrlarboýy türkmen halky özüniň parahatçylyksöýüjiligi, hoşniýetliligi, myhmansöýerligi, dost-doganlyga ygrarlylygy we belent ahlak häsiýetleri bilen tapawutlanypdyr. Häzirki wagtda hem halkymyz şu gymmatlyklara eýerip gelýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň birnäçe döwletleri we halkara guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeldýän we çuňlaşdyrýan, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde asylly işleri alyp barýan, halkara ylalaşyklaryna ygrarly, öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde uly abraýa eýedir. Bitarap ýurdumyz dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýy

Üstünlikler üstünlige ulaşýar

Welaýatymyzda ukyp-başarnygy, yhlasy, zehini bilen mugallymlaryny, ata-enelerini begendirýän mekdep okuwçylary az däl. Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Rustam Hudaýberdiýew hem şeýle ýaşlaryň hatarynda. Ol okuwda göreldeli, sportda ezber okuwçylaryň biridir. Şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynda ornaşdyrylan häzirkizaman tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp, bilimini yzygiderli ösdürýän Rustam iňlis dili, fizika, informatika, matematika derslerini ürç edip okaýar, okuwdan boş wagtlarynda kompýuter programmalaryny öwrenmegi gowy görýär. Zehinli ýigit 7-nji synpdan bäri ders bäsleşikleriniň şäher, welaýat tapgyrlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär.

Bäsleşigiň jemi jemlendi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýat Medeniýet müdirligi we TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýatymyzyň kitaphanalarynyň arasynda guralan «Ýylyň okyjysy» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen bu çärede okyjylaryň okan kitaplary, olaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, kitaphana gatnaşyklary seljerildi. Soňra saýlanan okyjylar okan kitaplary dogrusynda gürrüň berdiler. Sorag-jogap alşylyp, bäsleşigiň şerti boýunça, ýaş toparyna laýyklykda, 18 ýaşdan uly okyjylaryň arasynda has tapawutlanan S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Nurmyrat Aşyrow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Çynar Allakowa, 18 ýaşdan kiçi okyjylaryň arasynda welaýat kitaphanasynyň okyjysy Şakir Sapaýew, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Abdyrahman Yrahow «Ýylyň okyjysy» atly bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Ýeňijilere welaýat Medeniýet müdirligi we TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly gowşuryldy.

Arkadagly zamanada innowasion özgertmeler rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyla at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Geljek, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyç hem ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny artdyrdy. Bu teklibi ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň wekilleri, şol sanda ylym-bilim ulgamynyň işgärleri hem biragyzdan goldaýarlar. Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, bilim-terbiýeçilik edaralarynda guralýan maslahatlardyr duşuşyklarda-da bu şygaryň ýüreklerde döreden joşguny, onuň mähriban halkymyzy milli Liderimiziň daşyna has-da jebisleşdirip, täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrjakdygy baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda döwlet baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly Permana gol çekmegi, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak üçin milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda anyk wezipeleri kesgitlemegi örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek islendik döwletiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion taýdan kuwwatlylygyny artdyrmagyň möhüm şer

Röwşen geljegiň eýeleri

Eziz Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde we onuň dünýä döwletleriniň arasyndaky öňdebaryjy ornuny has-da pugtalandyrmakda biz — ýaşlara uly orun degişlidir. Şu nukdaýnazardan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimli-ylymly, başarjaň, hünärli, ýokary ahlakly we watansöýüji ýaşlary kemala getirmek wezipesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň başynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, taryhymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy we mizemez maşgala gymmatlyklarymyzy hormatlaýan şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen köpugurly işler alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek üçin iň zerur şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiz Watana we halka çäksiz söýginiň belent nusgasyny görkezýär. Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli milli Liderimiziň türkmen ýa

Milli ýol-ýörelgeleriň terbiýeçilik ähmiýeti

Ösüp gelýän ýaş nesli maşgala gymmatlyklary hem-de milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek ene-atalaryň, jemgyýetiň esasy wezipesi bolup durýar. Ýaş nesillerimizi terbiýelemegiň bahasyna ýetip bolmajak kadalaryny we maşgala gymmatlyklaryny döreden halkymyz bu meselä örän çynlakaý çemeleşipdir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji aprelinde Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki 1-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýip belledi. Maşgalanyň berk binýadynyň bir sütüni öýüň zenanydyr. Maşgala mukaddesligini goramak, maşgalanyň agzybirligini saklamak, geljekki nesillere asylly ahlak kadalaryny geçirmek, ilkinji nobatda, zenanlaryň paýyna düşýär. Şonuň üçin mähirlilik, wepalylyk, sypaýylyk, hossarlyk göreldesini dowam etdiriji hökmünde zenan maşgala edep-ekramyň egsilmez gözbaşy, dünýäniň görki saýylýar. Ata-babalarymyzyň «Akylly gelin öý diker», «Öýi öý edýän aýal», «Maşgala aýaldan başlanýar», «Är — öýüň goragy, aýal — öýüň diregi», «Owadan gelin toýy bezär, akylly gelin öýi», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini» diýen ýaly paýhasly pähimleri dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelýär.

Döwrebap mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanda ylym-bilim ulgamy belent derejelere ýetýär. Bilim ulgamynyň öňünde goýlan meseleleri çözmek üçin kämil, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň, olaryň nazary bilimleriniň binýadyny giňeltmegiň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki döwürde iş orunlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli görnüşleri giňden ornaşdyrylýar. Gündelik durmuşymyzda bolsa internet mümkinçilikleriniň ulanylmagy netijesinde öýjükli telefonlar arkaly dürli töleglerden peýdalanylýar. Munuň özi ilat üçin döredilýän oňaýlyklar bolup, elektron maglumatlar ulgamynyň ýaşaýşyň ähli taraplaryna öz täsirini ýetirýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen düşündirip bolar. Sanly gurşaw diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegine däl, eýsem, her birimiziň dünýägaraýşymyzyň üýtgemegine, jemgyýetçilik aňynyň özgermegine hem öz täsirini ýetirýär.

Bilim —bagtyýarlyk binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler ýurdumyzy täze belentliklere ýetirýär. Halkymyzda «Bilimli il ozar» diýen pähim bar. Pederlerimiziň paýhas eleginde elenip, biziň şu günlerimize gelip ýeten gurşunly kenek ýaly agramly, älem ýaly giň çuňňur many-mazmuna ýugrulan parasatly sözler ähmiýetini ýitirmeýär. Adamzat durmuşynda gazanylýan üstünlikler ylym-bilimiň we ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň döwrebap ugurlary täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Dünýä ylmynda gazanylýan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan ulgamyň işine uly möçberde serişdeler goýberilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, halkymyza wepaly ynsanlar bolmaklary üçin köp tagalla edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan peýdalanylýar. Ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir.

Kämilligiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň dürli ugurlarynda guwandyryjy ösüşler gazanylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Şolaryň biri hem okuw-terbiýeçilik işidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlaryň döwrebap bilim, asylly terbiýe almagy üçin asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün okuw-terbiýeçilik işlerinde pedagogika we psihologiýa ylymlarynyň gazananlaryny utgaşykly ornaşdyrmak zerurlygy döwrebap wezipe bolup durýar. Okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek okuw işiniň guralyşyna, usullaryna, terbiýeçilik işlerini guramagyň pedagogik-psihologik esaslaryna baglydyr. Şolaryň iň möhümleriniň biri hem talyba hemmetaraplaýyn berilýän çuňňur bilim-terbiýedir. Talyplaryň şahsy tejribeleri we okuwda alan bilimleri olara täze maglumaty özleşdirmekde ygtybarly gollanma bolup hyzmat edýär. Şeýle ýagdaýda olaryň döredijilik ukyplary üçin giň mümkinçilikler döreýär. Bu mümkinçilikleri ýüze çykarmakda okatmagyň adaty usullaryna garanyňda özara hyzmatdaşlyk usuly, ýagny mugallymyň talyp bilen hyzmatdaşlyk usuly has tapawutlydyr. Bu usulyň amatlylygy barada dürli ýurtlaryň alymlarydyr usulçylary örän ynandyryjy, özi-de synagdan geçen pikirleri orta atýarlar, ýöne olar özara işjeňlik usulyna hemmetaraplaýyn bilimiň düzüminde garaýarlar. Şeýle-de bolsa, hemmetaraplaýyn bilimiň ahyrky netijesi özara hyzmatdaşlyga syrygýar.