Kämilligiň gözbaşy

5 Dekabr 2021
938

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň dürli ugurlarynda guwandyryjy ösüşler gazanylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Şolaryň biri hem okuw-terbiýeçilik işidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlaryň döwrebap bilim, asylly terbiýe almagy üçin asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün okuw-terbiýeçilik işlerinde pedagogika we psihologiýa ylymlarynyň gazananlaryny utgaşykly ornaşdyrmak zerurlygy döwrebap wezipe bolup durýar. Okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek okuw işiniň guralyşyna, usullaryna, terbiýeçilik işlerini guramagyň pedagogik-psihologik esaslaryna baglydyr. Şolaryň iň möhümleriniň biri hem talyba hemmetaraplaýyn berilýän çuňňur bilim-terbiýedir.

Talyplaryň şahsy tejribeleri we okuwda alan bilimleri olara täze maglumaty özleşdirmekde ygtybarly gollanma bolup hyzmat edýär. Şeýle ýagdaýda olaryň döredijilik ukyplary üçin giň mümkinçilikler döreýär. Bu mümkinçilikleri ýüze çykarmakda okatmagyň adaty usullaryna garanyňda özara hyzmatdaşlyk usuly, ýagny mugallymyň talyp bilen hyzmatdaşlyk usuly has tapawutlydyr. Bu usulyň amatlylygy barada dürli ýurtlaryň alymlarydyr usulçylary örän ynandyryjy, özi-de synagdan geçen pikirleri orta atýarlar, ýöne olar özara işjeňlik usulyna hemmetaraplaýyn bilimiň düzüminde garaýarlar. Şeýle-de bolsa, hemmetaraplaýyn bilimiň ahyrky netijesi özara hyzmatdaşlyga syrygýar.

Çynar GYLYÇDURDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.