Milli ýol-ýörelgeleriň terbiýeçilik ähmiýeti

5 Dekabr 2021
941

Ösüp gelýän ýaş nesli maşgala gymmatlyklary hem-de milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek ene-atalaryň, jemgyýetiň esasy wezipesi bolup durýar. Ýaş nesillerimizi terbiýelemegiň bahasyna ýetip bolmajak kadalaryny we maşgala gymmatlyklaryny döreden halkymyz bu meselä örän çynlakaý çemeleşipdir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji aprelinde Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki 1-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýip belledi.

Maşgalanyň berk binýadynyň bir sütüni öýüň zenanydyr. Maşgala mukaddesligini goramak, maşgalanyň agzybirligini saklamak, geljekki nesillere asylly ahlak kadalaryny geçirmek, ilkinji nobatda, zenanlaryň paýyna düşýär. Şonuň üçin mähirlilik, wepalylyk, sypaýylyk, hossarlyk göreldesini dowam etdiriji hökmünde zenan maşgala edep-ekramyň egsilmez gözbaşy, dünýäniň görki saýylýar. Ata-babalarymyzyň «Akylly gelin öý diker», «Öýi öý edýän aýal», «Maşgala aýaldan başlanýar», «Är — öýüň goragy, aýal — öýüň diregi», «Owadan gelin toýy bezär, akylly gelin öýi», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini» diýen ýaly paýhasly pähimleri dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelýär.

Ogulmaral HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.