Rahatlyk we sagdynlyk

10 Maý 2021
1053

«Aýdym diňlemek ömrüňi uzaldýar» diýip, örän dogry belläpdirler. Sebäbi aýdym-saz ynsan saglygyna oňyn täsir edýär, rahatlandyrýar. Ýöne aýdym-sazy gulaklyklarda, onda-da has belent ses bilen diňlemek saglygymyza düzedip bolmajak derejede zyýan ýetirýär.

Gulaklyklar hem edil elektrobyçgy hem-de motosikl ýaly, eşidişimize ep-esli derejede zeper ýetirýär. Elektrobyçgy we motosikl takmynan 100 desibel ses çykarýar. Şeýle güýçli ses ýarym sagadyň içinde adamyň eşidişine zeper ýetirip bilýär. Çünki gulaklykdaky iň güýçli sesi 75 göterim derejesinde diňlänimizde hem gulagymyza 85 desibel beýiklikde ses barýar. Sesiň gatalmagy we uzak wagtlap diňlemek eşidişiň hemişelik ýitmegi ýaly howpa sebäp bolup biler.

Hatyja ÖRÄÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.