Üstünlikler üstünlige ulaşýar

6 Dekabr 2021
1038

Welaýatymyzda ukyp-başarnygy, yhlasy, zehini bilen mugallymlaryny, ata-enelerini begendirýän mekdep okuwçylary az däl. Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Rustam Hudaýberdiýew hem şeýle ýaşlaryň hatarynda.

Ol okuwda göreldeli, sportda ezber okuwçylaryň biridir. Şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynda ornaşdyrylan häzirkizaman tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp, bilimini yzygiderli ösdürýän Rustam iňlis dili, fizika, informatika, matematika derslerini ürç edip okaýar, okuwdan boş wagtlarynda kompýuter programmalaryny öwrenmegi gowy görýär. Zehinli ýigit 7-nji synpdan bäri ders bäsleşikleriniň şäher, welaýat tapgyrlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär.

Eneş Klyçewa.