Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmek

7 Dekabr 2021
1028

Ýaş nesle bilim we terbiýe bermek işi mugallymlardan hünär ussatlygyny talap edýär. Munuň üçin mugallymyň döredijilikli zähmet çekmegi zerur bolup durýar. Bu meselede başlangyç synp mugallymlarynyň tagallasy has-da möhümdir. Başlangyç synplarda çagalar okamak, ýazmak, pikirlenmek, beýan etmek başarnyklaryny öwrenýärler. Her bir okuwçyda bu başarnyklary kemala getirmek bolsa başlangyç synp mugallymlarynyň paýyna düşýär.

Bilim işiniň dogry we netijeli guralmagynda başlangyç bilim basgançagyndaky usuly çeşmeleriň üstünlikli bolmagyna aýratyn orun degişlidir. Bu döwürde çagalar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň many-mazmuny olaryň güýçýeterligine laýyklykda alnyp barylýar.

Taýmaz HOMMANOW,
Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.