Bilime bagyşlanan ömür

7 Dekabr 2021
1179

Ynsany ruhy kämillige alyp barýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar. Şunda ýaşlara bilim-terbiýe bermekde, olaryň sowatly, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde mugallymlaryň zähmeti uludyr. Mugallym — ählimiz üçin mähriban adam. «A» harpyndan başlap, bilimler dünýäsinde näme gazanan bolsak, biz munuň üçin, ilkinji nobatda, mugallymlara hoşal bolmalydyrys.

Ykbalyny bu hormatly käre baglap, ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ýaş nesle bilim-terbiýe berip gelýän, olaryň sapaklary doly özleşdirmekleri ugrunda tagalla baryny edýän halypa mugallymlaryň biri-de Ogulsoltan Pälwanowadyr. Häzirki günde halypa mugallym Aşgabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde ýokary synp okuwçylaryna biologiýa dersinden sapak berýär. Ol şonuň bilen birlikde 6 ýaşly mekdep okuwçylaryna-da bilim berýär. Onuň mugallymçylyk kärinde işläp ýörenine 55 ýyl bolupdyr. Ogulsoltan mugallym gürrüňini alkyşdan başlady:

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.