Bäsleşigiň jemi jemlendi

6 Dekabr 2021
1028

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýat Medeniýet müdirligi we TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýatymyzyň kitaphanalarynyň arasynda guralan «Ýylyň okyjysy» atly bäsleşigiň jemi jemlendi.

Welaýat kitaphanasynda geçirilen bu çärede okyjylaryň okan kitaplary, olaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, kitaphana gatnaşyklary seljerildi. Soňra saýlanan okyjylar okan kitaplary dogrusynda gürrüň berdiler. Sorag-jogap alşylyp, bäsleşigiň şerti boýunça, ýaş toparyna laýyklykda, 18 ýaşdan uly okyjylaryň arasynda has tapawutlanan S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Nurmyrat Aşyrow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Çynar Allakowa, 18 ýaşdan kiçi okyjylaryň arasynda welaýat kitaphanasynyň okyjysy Şakir Sapaýew, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Abdyrahman Yrahow «Ýylyň okyjysy» atly bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Ýeňijilere welaýat Medeniýet müdirligi we TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly gowşuryldy.

Bahargül AMANOWA,
welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri.