Röwşen geljegiň eýeleri

5 Dekabr 2021
929

Eziz Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde we onuň dünýä döwletleriniň arasyndaky öňdebaryjy ornuny has-da pugtalandyrmakda biz — ýaşlara uly orun degişlidir. Şu nukdaýnazardan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimli-ylymly, başarjaň, hünärli, ýokary ahlakly we watansöýüji ýaşlary kemala getirmek wezipesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň başynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, taryhymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy we mizemez maşgala gymmatlyklarymyzy hormatlaýan şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen köpugurly işler alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek üçin iň zerur şertlerdir mümkinçilikler döredilýär.

Milli Liderimiz Watana we halka çäksiz söýginiň belent nusgasyny görkezýär. Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli milli Liderimiziň türkmen ýaşlary bilen geçen taryhy sapagy döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlaryny üstünlikli amala aşyrmakda ägirt uly ähmiýete eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz şol günki taryhy çykyşynda halkymyzyň baý durmuş tejribesini hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda ýaşlaryň öňünde durýan anyk wezipeler hem-de ýakyn wagtda tagallalaryň gönükdiriljek esasy ugurlary barada nygtap geçdi. Hormatly Prezidentimiz şol duşuşygynda ylym-bilimiň ynsany belende göterýändigini bellemek bilen, biz — ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy sargyt etdi. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip, belleýär.

Gülsenem ORAZWELIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.