Bagtyň çyragy

8 Dekabr 2021
875

Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde, bilim ulgamy çalt depginler bilen ösdürildi, ylmy-barlag taslamalarynyň täze ugurlary gün tertibine çykaryldy. Halkymyz geljege uly maksatnamalar bilen barýar, ýaşlar ylymly-bilimli edip ýetişdirilýär. Şeýlelikde, agzybirlik, jebislik Türkmenistanyň ähli babatlarda hem okgunly ösüşini şertlendirýär. Sözüň doly manysynda, milli Liderimiziň parahatçylygy, halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ylma we bilime daýanýan parasatly ýörelgeleri dünýä jemgyýetçiliginde bütin aýdyňlygy bilen şöhlelenýär we ählumumy ykrarnama eýe bolýar.

Türkmen halky ähli döwürde-de ylym-bilime uly sarpa goýup gelipdir, ylym ugrunda işleýän adamlary hormatlapdyr. Ylma şeýle garaýyş Garaşsyzlyk ýyllarynda, häzirki günlerimizde has-da aýdyň ýüze çykýar. Gahryman  Arkadagymyz eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny düýpli özgertmek üçin geljegi uly başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bilim, ylym biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Orta mekdeplerde bilim alan ýaşlar ýokary okuw mekdeplerinde has-da kämilleşýär we ylym ýoluna düşýär. Ylmyň dowamly ýoly bolsa ýadawsyz zähmeti, yhlasy talap edýär. Milli Liderimiziň parasatly belleýşi ýaly, Türkmenistan bu gün ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde yzygiderli ösýän döwlet hökmünde halkara jemgyýetçilikde uly abraýdan peýdalanýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynamly we yzygiderli ylym syýasatynyň oňyn netijeleridir.

Saltanat KARŽAUBAÝEWA,
Gubadag etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.