Mugallymyň sarpasy

7 Dekabr 2021
1050

Durmuşda her bir käriň öz sarpasy, şol käriň eýesi bolan adamlaryň bolsa hormaty bar. Mugallymyň käriniň, şonuň bilen birlikde bu käriň eýeleriniň sarpasy has-da uly.

«Mugallym» diýilse her bir adam edep-terbiýe beriji, ýol görkeziji ynsany göz öňüne getirýär. Olar ak mekdepde biziň elimize galam tutduran, okamagy, ýazmagy, sanamagy öwreden ynsanlar. Şonuň üçin biz mugallymlarymyzy unutmaýarys. Mugallym — orta mekdepde bilimiň binýadyny goýan ussat, talyp döwrümizde ylym öwreden halypa. Olar bizi durmuş ýoluna salan mähriban ynsanlar. Durmuşda ene-atamyz bilen deň derejede görýänimiz, hormatlaýanymyz, elbetde, mugallymlarymyzdyr.

Gülbagt HAJYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.