Döwletiň synmaz sütüni

6 Dekabr 2021
892

Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti örän uludyr. Bitaraplyk — bu baky bagtyň, parahatçylygyň aýdymy, aýdyň ertirlerimiziň, röwşen geljegimiziň ykrary. Bitaraplyk — bu agzybir türkmen halkynyň dost-doganlyk sarpasy, goňşa goldawy. Asudalygy, rahatlygy ömrüniň manysyna deňeýän halkymyz bu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgelerini alamatlandyrýan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllyk toýuny belleýär.

Asyrlarboýy türkmen halky özüniň parahatçylyksöýüjiligi, hoşniýetliligi, myhmansöýerligi, dost-doganlyga ygrarlylygy we belent ahlak häsiýetleri bilen tapawutlanypdyr. Häzirki wagtda hem halkymyz şu gymmatlyklara eýerip gelýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň birnäçe döwletleri we halkara guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeldýän we çuňlaşdyrýan, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde asylly işleri alyp barýan, halkara ylalaşyklaryna ygrarly, öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde uly abraýa eýedir. Bitarap ýurdumyz dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem 150-den gowragyna gatnaşýar.

Babamurat ABDURAHMENOW,
Köýtendag etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.