"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Söwda toplumynyň batly gadamlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ähli pudaklarda bedew bady bilen öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. Şol esasda, bu topluma döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Bu ugur häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ulgamlarynyň biri bolup durýar. Şu maksatnama esasynda ýurdumyzda sergiler we dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Düýn, ýagny 3-nji aprelde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Bu sergä ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalary we beýlekiler gatnaşýarlar. Eziz Diýarymyzyň bu ulgamda gazananlary, ýerli kärhanalaryň harytlary, azyk, senagat önümleri, sarp ediş harytlary, haly, dokma önümleri, şeýle-de kompýuter tehnologiýasynyň we kommunikasiýasynyň ösüşleri şöhlelendi.

Bank hyzmatlarynyň gerimi giňeýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi dünýäniň ösen talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär. Ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek işleri hem yzygiderli dowam etdirilýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, pul dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, elektron tölegleriň gerimi giňeýär. Ýurdumyzyň bank ulgamynda ilat üçin ýokary amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň pulunyň goraglylygyny, wagtynyň tygşytlylygyny, ýeňillikli töleg geçirimlerini üpjün edip, karz almak we goýum goýmak bilen baglanyşykly amallary ýerine ýetirmekde amatly şertleri döredýär. Muňa mysal edip, gaz, elektrik togy, suw we beýleki durmuş hyzmatlary üçin tölegleri, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy üçin degişli tölegleri, awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, orta we ýokary okuw mekdepleriniň tölegini tölemek ýaly hyzmatlary görkezmek bolar. Raýatlarymyza «Internet bank», «Mobil bank» ulgamlarynyň üsti bilen ykjam aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg tölemek, demir ýol we howa ýollary gatnawlary boýunça ýol peteklerini satyn almak, bir kartdan beýleki karta pul geçirimlerini amala aşyrmak, kart hasabyňdaky hereketi görmek

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Polat ýollar alyslary ýakynladýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz üçin ösüş-özgerişleriň zamanasy bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen halky Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde tutanýerli zähmet çekýär.

«PostShop» marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «PostShop» internet söwda meýdançasy Aşgabatda özüniň ilkinji oflaýn dükanyny açmak bilen, müşderileri üçin mümkinçilikleriniň gerimini giňeltdi. Indi «PostShop» müşderilerine önümi görüp we eltilmegine garaşmazdan, dessine satyn almaga şerti üpjün etdi. Bu, esasanam, satyn almasy gyssagly bolan harytlaryň söwdasy üçin oňaýlydyr.

«Russiýanyň demir ýollary» girdejisi boýunça taryhy netije gazandy

«Russiýanyň demir ýollary» holdingi 2023-nji ýylda 3,017 trln ₽ möçberde girdeji aldy we bu ugurda taryhy rekord goýdy. Bu barada «RDÝ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ýolbaşçysy — baş direktory Oleg Belozerowyň belländigini «ТАСС» habar berýär. — Biz girdeji babatda rekord görkezijä eýe bolduk — 3,017 trln ₽. Bu sanlar nämäni aňladýar? Ähli zatdan öň demir ýollaryň işine zerurlygyň bardygyny belleýärler. Elbetde, biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanmak isleýän ýük ugradyjylaryň we ýolagçylaryň sany has-da artýar» — diýip, Belozerow belledi. Şu ýylyň mart aýynyň başynda kompaniýa Russiýanyň buhgalter hasaby boýunça standarty babatdaky netijelerini çap etdi. Şol ýerde «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2023-nji ýyldaky girdejisiniň 2,609 trln rubl bolandygy habar berildi: ösüşiň derejesi 16,4%.

Logistika hyzmaty söwda «önümine» öwrülip biler

Ýük daşamak hyzmatlary hem birža harytlarynyň hataryna goşulyp biler. Sankt-Peterburgyň halkara haryt we çig mal biržasy şeýle önümi satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada meýdançanyň  başlygy Igor Artemýew «РБК» beren interwýusynda belledi. Ol biržanyň logistikadan başga-da, ätiýaçlandyryş we ýük satmak üçin mümkinçiliklerine hem garaýandygyny aýtdy. Bu ýerde gürrüňiň logistika hyzmatlarynyň söwdasy, ilkinji nobatda demir ýollar arkaly şeýle hyzmatlaryň görkezijileriniň emele gelmegi barada barýandygyny Artemýew tassyklady. Bu pikir Merkezi bank tarapyndan eýýäm makullandy.

Ulag ulgamynda ynsanperwerlik ýörelgesi

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ulag-kommunikasiýa ulgamynyň tutýan ornuna möhüm ähmiýet berilýär. Şonuň üçin-de bu ulgama sanly we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ony maddy-tehniki taýdan berkitmek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Tertipnamasy esasynda ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dürli ugurlar boýunça Kararnamalaryň 26-synyň kabul edilip, olaryň 6-synyň ulag ulgamynyň işine degişli bolmagy, her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň gazanan diplomatik üstünligidir.

Gaýratly geologlar

Hakyň nazary düşen topragymyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny gözläp tapmak, işläp çykarmak hem-de gazyp almak türkmen geologlarynyň paýyna düşýär. Şoňa görä, bu günki gün «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň geologlary diňe bir uglewodorod çig mallaryna baý meýdançalary tapmak bilen çäklenmän, ýerasty suw çeşmeleriniň, gazylyp alynýan minerallaryň dürli görnüşleriniň, gurluşyk serişdeleri üçin çig mal ýataklarynyň gözleg-barlag işlerini-de tutanýerli dowam etdirýärler. Bu işde «Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň zähmet toparlarynyň hem mynasyp paýy bar. — Suw hem edil howa ýaly, adamzadyň durmuş abadançylygyny kesgitleýän gymmatly tebigy baýlykdyr. Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň 80 göterimine golaýyny tutýan Garagum sähramyzda bu tebigy baýlyk ýaşaýşyň gözbaşydyr. Şonuň üçin-de halkymyz tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň paýhasly çözgüdi hökmünde suwa aýratyn gadyr goýýar. Ýerasty suwlaryň uly ähmiýetini göz öňünde tutup, olar bilen baglanyşykly işleriň depginini güýçlendirmek, bu baýlygy degişli derejedäki gözegçilik astynda peýdalanmak gerek. Häzirki wagtda ýerasty «Ýasga» süýji suw ýatagynyň diňe dörtden bir bölegi ulanylýar. Alymlardyr degişli hünärmenler onuň galan böleginiň gidrogeologik esasda öwrenilip özleşdirilmeginiň geljekde sebitiň halk hojalygynyň suw üpjünçiligini, takmynan, üç esse ýokarlandyrjakdygyny çakl

Alyslara uzaýan ýollar

Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda üstümizdäki aýda «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açyljakdygy hakda aýdylmagy bizde guwanç duýgusyny döretdi. Gadymy Ýüpek ýolunyň täze döwrüň ruhuna laýyklykda gaýtadan dikeldilýän çagynda döwrebap awtoulag ýollarynyň gurulmagynyň halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostana gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýeti bardyr. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ilkinji bölegi bolan Aşgabat—Tejen böleginiň 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlendigi ýadymyzda. Ýoluň 203 kilometre barabar bolan bu böleginiň gurluşygyny ýol gurluşykçylarymyz dünýäniň ösen ýol gurluşyk ülňülerinden ugur alyp ýerine ýetirdiler. Bu gün üstünlikli hereket edýän ýokary tizlikli ýoluň welaýatymyzyň çäginden geçýän bu böleginiň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler bar. Ýoluň ugrundaky elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň ýol hereketinde ähmiýeti uludyr. Mundan başga-da bu ýerde söwda merkezleridir naharhanalar, inženerçilik desgalary, köp sanly köprüler, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, suw geçirijiler, ýangyç guýujy beketler hem ýerleşip, awtoulag sürüjileridir ýolagçylara g

Ösüşiň möhüm ugurlary

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginde binagärligiň aýratyn orny bar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler beýik ösüşlere, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Şunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, iri desgalaryň bina edilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi bu günki günde binagärlik-gurluşyk ugrundan bilim alýan, döwrebap tehnologiýalara düşünýän ýaş nesilleriň kemala gelmegini şertlendirýär. Olar döwrebap tehnologiýalara erk edip, binagärligiň milli aýratynlyklaryna, mümkinçiliklerine oňat düşünýärler. Bu bolsa halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy üçin ähli şertleriň döredilmeginde bilimli hünärmenleriň döwrüň talabyna laýyk gelýändigini aňladýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler syýasaty döwletimizde kuwwatly we köpugurly ykdysadyýeti döretmäge, şeýle hem halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar arkaly amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň, ajaýyp binalaryň mysalynda görmek bolýar. Ýakynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem bu aýdylanlary tassyklaýar. Bu senagat desgasy ýurdumyzyň gurluşyk kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýardam eder.

Demirýol ugry Merkezi Aziýany we Hytaýy baglanyşdyrar

Ýük otlusy Hytaýyň gündogaryndaky Szýansi welaýatyndaky Nançan halkara guryýer portundan Merkezi Aziýa ugrady. Bu barada China daily habar berýär. Bu otly gatnawy Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Sinszýan-Uýgur awtonom raýonundaky Horgos iri awtoýol serhet portuny Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri bilen baglanyşdyrar.

«AD Ports» Gruziýanyň Tbilisi gury portundan gözegçilik paýnamasyny aldy

«BAE AD Ports» port operatory «Inveco» bilen Gruziýanyň Tbilisi gury portundaky gözegçilik paýyny almak barada şertnama gol çekişendigini habar berdi. BAE-niň port we logistika operatory şertnamanyň çäginde şu ýylyň ahyrynda bu ýerde işlemeli logistika terminalynyň 60 %-ini alar. Taslamanyň saýtynda aýdylyşy ýaly, terminalyň meýdany 44 müň inedördül metr bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 200 müň TEU deňdir.

Il-ýurt bähbitli işiň başynda

Ýaýlandurdy Pirliýew Hojambaz etrabyndaky 4-nji orta mekdepde okap ýören ýyllarynda ykbalyny daşky gurşawy goramak bilen baglanyşdyrmagy ýüreginde besläpdi. Şol çagalyk arzuwyna ýetmek üçin orta mekdebi tamamlandan soňra gidromeliorasiýa ugrundan orta hünäri ele aldy. Okuwyny tamamlap, 1988-nji ýylda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna işe geldi. Ine, şondan bäri hem bu iri kärhanada zähmet çekýär. Özi-de bu önümçiligiň möhüm bölümleriniň birine — kärhananyň merkezi barlaghanasyna 2001-nji ýyldan bäri başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edip gelýär. — Ilki IV derejeli operator bolup işläp başladym, soňra önümçilik-tehniki bölüminde dürli wezipelerde zähmet çekdim. Işimiň daşyndan Moskwanyň döwlet azyk uniwersitetini gaýybana tamamlap, ýokary hünärli boldum. Bu bolsa maňa daşky gurşawy goramak, önümçilik sanitariýasy ugry boýunça çagalykda arzuw eden kärime eýe bolmagym üçin esas boldy — diýip, Ýaýlandurdy manyly ömrüniň geçen ýyllaryny höwes bilen ýatlaýar.

Türkmenistanda halkara daşamalary amala aşyrýan sürüjileri taýýarlaýan okuw merkezi açylar

Türkmenistanda halkara daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny hünär taýdan taýýarlaýan okuw merkezi açylar. 29-njy martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýükleri awtoulagda daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmen-italýan söwda dolanyşygy ýokarlanýar

2023-nji ýylda Türkmenistanyň Italiýa bilen umumy söwda dolanyşygynyň 229 million ýewrodan gowrak bolandygy tassyklanylýar. Maglumatlara görä, görkezilen hasabat döwründe Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň 172,37 million ýewro barabar bolan görkezijisi bilen deňeşdirilende, 32,8 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 36 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Özbegistandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan, Ukrainadan hem-de Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, polipropileni, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen we «B» markaly karbamidi, tehniki kükürdi, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 70 million 944 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI: HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY

Hytaý Halk Respublikasy ykdysadyýetiniň möçberi, ýagny jemi içerki önümiň satyn alyjylyk ukyby boýunça dünýäde 1-nji orny, jemi içerki önümiň nominaly boýunça 2-nji orny eýeleýär. Sirkulýar ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde bu döwlet öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Çyzykly ykdysadyýetden sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň esasy sebäpleri daşky gurşawyň emele gelen ýagdaýyny gowulandyrmakdan, şeýle hem mümkin bolan iň ýokary ykdysady peýdany almakdan ybaratdyr. Ýurduň hökümeti birnäçe ýyl bäri sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. 2009-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynda ýapyk dolanyşykly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermek hakynda kanun güýje girizilýär. Bu kanunyň talaplaryna laýyklykda, senagatyň ähli pudaklarynyň öňünde resurslaryň ulanylyşyny we emele gelýän galyndylary azaltmaga, resurslary dikeltmäge we olaryň gaýtadan dolanyşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berjek ulgamy ornaşdyrmak wezipesi goýulýar. 2013-nji ýylda Hytaýyň sirkulýar ykdysadyýeti assosiasiýasy döredilýär. Bu gurama ady agzalan kanuny amala aşyrmak, şeýle hem resurslary aýawly saklamak we daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatyny ýöredýär.

«Xiaomi» täze «Life» brendini hödürledi

«Xiaomi Life» önümleri umumy häzirkizaman stilinde ýerine ýetiriljek egin-eşikleriň, başgaplaryň, moda aksessuarlarynyň, kürüşgeleriň, ýantorbalaryň ähli görnüşlerini öz içine alar. Käbir harytlar «Xiaominiň» ilkinji elektromobiliniň eýeleri üçin niýetlenen awtomobil aksessuarlary bolar. Ilkinji önümleriň arasyndan, bahasy takmynan 12 ýewrodan ak ýa-da gara köýnekçäni, polo-köýnekçesini, birnäçe kepkalary we torbalary bellemek bolar. «Xiaomi Life» SU7 bilen gabat gelýän reňklerde birnäçe çaşkalary hödürlär. Oňa emeli deriden ýasalan ýantorba hem goşulýar.

Telefon önümçiliginde özüni tanadan «Xiaomi» awtoulaglaryny satyp başlady

«Xiaomi» kompaniýasy özüniň «SU7» atly ilkinji elektrik awtoulagyny satyp başlady. Bu ulag häzirlikçe diňe Hytaýyň içki bazary üçin elýeterli. Elektroulag üç — esasy, «Pro» we «Max» görnüşlerinde öndürilýär. Esasy görnüşdäki «SU7» sagatda 100 km tizlige 5,3 sekuntda ýetip bilýär. Bir gezek kuwwatlandyrylan ýagdaýynda 700 km ýol geçýär. Elektroulagyň «Max» görnüşi 265 km/sag tizlige eýe bolup, säginmän 800 km menzili aşmaga ukyply.

«Ýylyň bütindünýä awtomobili – 2024» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

2024-nji ýylyň Nýu-Ýork awtosalonynda World Car Awards («Ýylyň bütindünýä awtomobili») baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýeňijileriň sanawynda elektromobiller agdyklyk etdi. «Dünýä elektromobili» hem-de «Ýylyň Bütindünýä awtomobili» adyna «Kia EV9» mynasyp boldy. Ol bu ýeňiş ugrunda «BYD Seal» (Atto 4) we «Volvo EX30» bilen bäsleşdi.