Gaýratly geologlar

3 Aprel 2024
359

Hakyň nazary düşen topragymyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny gözläp tapmak, işläp çykarmak hem-de gazyp almak türkmen geologlarynyň paýyna düşýär. Şoňa görä, bu günki gün «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň geologlary diňe bir uglewodorod çig mallaryna baý meýdançalary tapmak bilen çäklenmän, ýerasty suw çeşmeleriniň, gazylyp alynýan minerallaryň dürli görnüşleriniň, gurluşyk serişdeleri üçin çig mal ýataklarynyň gözleg-barlag işlerini-de tutanýerli dowam etdirýärler. Bu işde «Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň zähmet toparlarynyň hem mynasyp paýy bar.

— Suw hem edil howa ýaly, adamzadyň durmuş abadançylygyny kesgitleýän gymmatly tebigy baýlykdyr. Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň 80 göterimine golaýyny tutýan Garagum sähramyzda bu tebigy baýlyk ýaşaýşyň gözbaşydyr. Şonuň üçin-de halkymyz tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň paýhasly çözgüdi hökmünde suwa aýratyn gadyr goýýar. Ýerasty suwlaryň uly ähmiýetini göz öňünde tutup, olar bilen baglanyşykly işleriň depginini güýçlendirmek, bu baýlygy degişli derejedäki gözegçilik astynda peýdalanmak gerek. Häzirki wagtda ýerasty «Ýasga» süýji suw ýatagynyň diňe dörtden bir bölegi ulanylýar. Alymlardyr degişli hünärmenler onuň galan böleginiň gidrogeologik esasda öwrenilip özleşdirilmeginiň geljekde sebitiň halk hojalygynyň suw üpjünçiligini, takmynan, üç esse ýokarlandyrjakdygyny çaklaýarlar. «Ýasgadan» uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän «Çilmämmetgum», «Çerkezli» ýerasty suw ýataklarynyň geologik we gidrogeologik şertleriniň özara meňzeşligini göz öňünde tutup, ol ýerlerde gözleg-agtaryş işleriniň ýola goýulmagy sebitiň agyz suw üpjünçiligini has ýokary derejä çykarar — diýip, «Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň bölüm başlygy, Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri Gülälek Toýjanowa gürrüň berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.