Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

1 Aprel 2024
202

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 36 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Özbegistandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan, Ukrainadan hem-de Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, polipropileni, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen we «B» markaly karbamidi, tehniki kükürdi, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 70 million 944 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Gülälek REJEPOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň öwreniji mugallymy.