Logistika hyzmaty söwda «önümine» öwrülip biler

3 Aprel 2024
270

Ýük daşamak hyzmatlary hem birža harytlarynyň hataryna goşulyp biler. Sankt-Peterburgyň halkara haryt we çig mal biržasy şeýle önümi satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada meýdançanyň  başlygy Igor Artemýew «РБК» beren interwýusynda belledi.

Ol biržanyň logistikadan başga-da, ätiýaçlandyryş we ýük satmak üçin mümkinçiliklerine hem garaýandygyny aýtdy. Bu ýerde gürrüňiň logistika hyzmatlarynyň söwdasy, ilkinji nobatda demir ýollar arkaly şeýle hyzmatlaryň görkezijileriniň emele gelmegi barada barýandygyny Artemýew tassyklady. Bu pikir Merkezi bank tarapyndan eýýäm makullandy.