«Ýylyň bütindünýä awtomobili – 2024» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

1 Aprel 2024
214

2024-nji ýylyň Nýu-Ýork awtosalonynda World Car Awards («Ýylyň bütindünýä awtomobili») baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýeňijileriň sanawynda elektromobiller agdyklyk etdi.

«Dünýä elektromobili» hem-de «Ýylyň Bütindünýä awtomobili» adyna «Kia EV9» mynasyp boldy. Ol bu ýeňiş ugrunda «BYD Seal» (Atto 4) we «Volvo EX30» bilen bäsleşdi.

Laçyn PIRMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.