SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI: HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY

1 Aprel 2024
212

Hytaý Halk Respublikasy ykdysadyýetiniň möçberi, ýagny jemi içerki önümiň satyn alyjylyk ukyby boýunça dünýäde 1-nji orny, jemi içerki önümiň nominaly boýunça 2-nji orny eýeleýär. Sirkulýar ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde bu döwlet öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Çyzykly ykdysadyýetden sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň esasy sebäpleri daşky gurşawyň emele gelen ýagdaýyny gowulandyrmakdan, şeýle hem mümkin bolan iň ýokary ykdysady peýdany almakdan ybaratdyr.

Ýurduň hökümeti birnäçe ýyl bäri sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. 2009-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynda ýapyk dolanyşykly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermek hakynda kanun güýje girizilýär. Bu kanunyň talaplaryna laýyklykda, senagatyň ähli pudaklarynyň öňünde resurslaryň ulanylyşyny we emele gelýän galyndylary azaltmaga, resurslary dikeltmäge we olaryň gaýtadan dolanyşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berjek ulgamy ornaşdyrmak wezipesi goýulýar. 2013-nji ýylda Hytaýyň sirkulýar ykdysadyýeti assosiasiýasy döredilýär. Bu gurama ady agzalan kanuny amala aşyrmak, şeýle hem resurslary aýawly saklamak we daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatyny ýöredýär.

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.