Il-ýurt bähbitli işiň başynda

1 Aprel 2024
161

Ýaýlandurdy Pirliýew Hojambaz etrabyndaky 4-nji orta mekdepde okap ýören ýyllarynda ykbalyny daşky gurşawy goramak bilen baglanyşdyrmagy ýüreginde besläpdi. Şol çagalyk arzuwyna ýetmek üçin orta mekdebi tamamlandan soňra gidromeliorasiýa ugrundan orta hünäri ele aldy. Okuwyny tamamlap, 1988-nji ýylda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna işe geldi. Ine, şondan bäri hem bu iri kärhanada zähmet çekýär. Özi-de bu önümçiligiň möhüm bölümleriniň birine — kärhananyň merkezi barlaghanasyna 2001-nji ýyldan bäri başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edip gelýär.

— Ilki IV derejeli operator bolup işläp başladym, soňra önümçilik-tehniki bölüminde dürli wezipelerde zähmet çekdim. Işimiň daşyndan Moskwanyň döwlet azyk uniwersitetini gaýybana tamamlap, ýokary hünärli boldum. Bu bolsa maňa daşky gurşawy goramak, önümçilik sanitariýasy ugry boýunça çagalykda arzuw eden kärime eýe bolmagym üçin esas boldy — diýip, Ýaýlandurdy manyly ömrüniň geçen ýyllaryny höwes bilen ýatlaýar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».