Telefon önümçiliginde özüni tanadan «Xiaomi» awtoulaglaryny satyp başlady

1 Aprel 2024
243

«Xiaomi» kompaniýasy özüniň «SU7» atly ilkinji elektrik awtoulagyny satyp başlady. Bu ulag häzirlikçe diňe Hytaýyň içki bazary üçin elýeterli.

Elektroulag üç — esasy, «Pro» we «Max» görnüşlerinde öndürilýär. Esasy görnüşdäki «SU7» sagatda 100 km tizlige 5,3 sekuntda ýetip bilýär. Bir gezek kuwwatlandyrylan ýagdaýynda 700 km ýol geçýär. Elektroulagyň «Max» görnüşi 265 km/sag tizlige eýe bolup, säginmän 800 km menzili aşmaga ukyply.

Hangoma SAFAROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.