Bank hyzmatlarynyň gerimi giňeýär

3 Aprel 2024
240

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi dünýäniň ösen talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär. Ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek işleri hem yzygiderli dowam etdirilýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, pul dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, elektron tölegleriň gerimi giňeýär. Ýurdumyzyň bank ulgamynda ilat üçin ýokary amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň pulunyň goraglylygyny, wagtynyň tygşytlylygyny, ýeňillikli töleg geçirimlerini üpjün edip, karz almak we goýum goýmak bilen baglanyşykly amallary ýerine ýetirmekde amatly şertleri döredýär.

Muňa mysal edip, gaz, elektrik togy, suw we beýleki durmuş hyzmatlary üçin tölegleri, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy üçin degişli tölegleri, awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, orta we ýokary okuw mekdepleriniň tölegini tölemek ýaly hyzmatlary görkezmek bolar. Raýatlarymyza «Internet bank», «Mobil bank» ulgamlarynyň üsti bilen ykjam aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg tölemek, demir ýol we howa ýollary gatnawlary boýunça ýol peteklerini satyn almak, bir kartdan beýleki karta pul geçirimlerini amala aşyrmak, kart hasabyňdaky hereketi görmek ýaly hyzmatlar hödürlenýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilikler döredilendir. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatlaryna birikdirip, döwrümiziň bu ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýär. Bank ulgamynyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň halkara maliýe ulgamyna has içgin aralaşmagyna, dünýäniň ösen ýurtlary bilen aýakdaş gitmegine itergi berýär. Pul-karz syýasatyna degişli çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen ýokary sepgitlere ýetmekde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Çünki töleg we hasaplaşyk kada-kanunlarynyň öz wagtynda, doly derejede ýerine ýetirilmegi ýurduň maliýe taýdan sagdynlygyndan habar berýär, durnukly ösüşi üpjün edýär.

Parahatgylyç AŞYRGYLYJOW,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň Ruhubelent etrap şahamçasynyň oba hojalyk önümçiligini karzlaşdyrmak bölüminiň başlygy.