Söwda toplumynyň batly gadamlary

3 Aprel 2024
232

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ähli pudaklarda bedew bady bilen öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. Şol esasda, bu topluma döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Bu ugur häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ulgamlarynyň biri bolup durýar. Şu maksatnama esasynda ýurdumyzda sergiler we dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Düýn, ýagny 3-nji aprelde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Bu sergä ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalary we beýlekiler gatnaşýarlar. Eziz Diýarymyzyň bu ulgamda gazananlary, ýerli kärhanalaryň harytlary, azyk, senagat önümleri, sarp ediş harytlary, haly, dokma önümleri, şeýle-de kompýuter tehnologiýasynyň we kommunikasiýasynyň ösüşleri şöhlelendi.

Rejepgeldi ALLAMYRADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».