Ösüşiň möhüm ugurlary

2 Aprel 2024
428

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginde binagärligiň aýratyn orny bar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler beýik ösüşlere, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Şunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, iri desgalaryň bina edilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi bu günki günde binagärlik-gurluşyk ugrundan bilim alýan, döwrebap tehnologiýalara düşünýän ýaş nesilleriň kemala gelmegini şertlendirýär. Olar döwrebap tehnologiýalara erk edip, binagärligiň milli aýratynlyklaryna, mümkinçiliklerine oňat düşünýärler. Bu bolsa halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy üçin ähli şertleriň döredilmeginde bilimli hünärmenleriň döwrüň talabyna laýyk gelýändigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler syýasaty döwletimizde kuwwatly we köpugurly ykdysadyýeti döretmäge, şeýle hem halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar arkaly amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň, ajaýyp binalaryň mysalynda görmek bolýar. Ýakynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem bu aýdylanlary tassyklaýar. Bu senagat desgasy ýurdumyzyň gurluşyk kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýardam eder.

Baýgeldi NURMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň himiýa tehnologiýasy fakultetiniň dekanynyň okuw işleri boýunça orunbasary.