"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Gymmatly hazyna

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şanly ýylyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara sapýar. Üstümizdäki şanly ýylda ulus-ilimiz ýurdumyzyň durmuşynda şöhratly sene bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny agzybirlikde, uly ruhubelentlikde belläp geçdi. Toý günlerinde güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde dürli maksatly desgadyr binalaryň, kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy, baý many-mazmunly baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegi ildeşlerimizde ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy bolsa, ählimize ajaýyp toý sowgady boldy. Hormatly Arkadagymyzyň täze kitaby biz — kitaphana işgärleri üçin aýratyn gymmatlydyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli eserleriň her biri kitaphanalaryň egsilmez hazynasydyr. Geçen gysga döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň ildeşlerimize sowgat eden ajaýyp kitaplary bu gün kitaphanalara özboluşly bezeg goşup, olara okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Kitaphanalarda şol kitaplaryň baý many-mazmuny dogrusynda täsirli çäreleri yzygiderli gurap durýarlar.

Çörek

Türkmen halkymyzda çörek iň eý görülýän mukaddeslikleriň biridir. Muňa ata-babalarymyzdan miras galan çörek bilen baglanyşykly edim-gylymlar ynançlar bilen tanşanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Türkmen maşgalasynda her bir ata-ene saçak başynda çagalaryna kiçijekliginden çörek bilen baglanyşykly edim-gylymlary öwredip, olaryň aňyna guýmaklygy özleriniň enelik hem-de atalyk borçlary hasap edýär. Şundan ugur alyp, ata-enelerimiz türkmençilikde çöregiň düňderilip goýulmaýandygyny, ony ýeke el bilen bölmeli, saçagyň we çöregiň üstünden basmaly, ätlemeli, hatda çöregiň bir owuntygyny-da ýere gaçyrmaly däldigini öwredipdirler. Şeýle-de çöregiň iki tarapyndan döwülmeýändigi türkmençilikde tamdyr çöreginiň pyçak bilen kesilmeýändigi we başga-da birnäçe zatlar barada aýdypdyrlar. Halkymyzyň milli mukaddesliklerine, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndaky çörek baradaky ajaýyp setirler, buýsançly gürrüňler ýaş nesillerimize bu mukaddeslige söýgi döretmekde uly mekdep bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndaky: «Çörek adamzat üçin ähli eşretlerden beýgidir. Çörek gudratly söz. Bu ynsanyň ýaşamagy üçin suw we howa dek zerur. Bugdaýy ekinleriň genji saýan türkmen halky çöregi gadymy zamanlardan bäri hormatlap, maňlaýyna sylmagy, çöregiň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy adata öwrüpdir» diýen setirleriniň ý

Halk döredijiliginde milli sütünler

Dünýäde örän köp halklaryň hem-de olardan-da kän halkyýetleriň barlygynda özi bolup ýaşamak, beýlekileriň täsiri astynda özlüligini ýitirip, başgalara siňip gitmezlik, ösüp-örňemek, ýene ýüzlerçe, müňlerçe ýyl geçse-de kämilleşip, ylymda-bilimde, ykdysadyýetde, medeniýetde hernäçe ýokary derejelere ýetende-de öz-özi bolup galmagy üçin halka ruhy sütünler gerek. Biziň halkymyzyň şeýle sütünleri bardyr we olar häzirki zaman şertlerinde artyp hem berkäp barýar. Biz şeýle diýenimizde, halkymyzyň şöhratly taryhyny, taryhy şahslaryny, edebi-pelsepewi dünýägaraýşyny, hiç bir kitaba ýazylmadyk, emma daşa ýazylan ýaly diýdirýän türkmençiligini, beýik Magtymgulynyň we nusgawy edebiýatymyzyň beýleki ägirtleriniň miras galdyran eserlerini, häzirki zaman sungat eserlerini we edebiýatyny, ilkinji nobatda-da, Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen, soňlugy bilen hem BMG-niň dolulygyna kabul we ykrar eden, häzirki döwrümizde bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny göz öňünde tutýarys. Şularyň arasynda «Görogly» bilen «Gorkut atada» ünsümiziň saklanmagy bolsa bu iki eseriň halk döredijiligimiziň iň gadymy eserleridigi hem-de halk köpçüligine örän tanyşdygy, şeýle-de olarda halkyň keşbiniň görünýändigi bilen bagly. 1. Toprakdan alyndyň, adamzat, topraga-da gowşarsyň!

Halk hekaýatlary

Ýa gybat etmeli, ýa-da... Bir dana kişiden onuň obasyndaky misginsokar, erbet adamyň adyny tutup:

Milli mirasyň muşdagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzyň hataryna girýän alabaýlary köpeltmek, olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak barada döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Eziz Watanymyzda alabaýlary ösdürip-ýetişdirmek bilen birlikde, olaryň bäsleşiklerini guramak asylly däbe öwrüldi. Geçirilýän bäsleşiklerde seýislän alabaýlary bilen netijeli çykyş edýän itşynaslaryň sany gün-günden artýar. Gazetimiziň şu sanynda şeýle hünärmenleriň biri, dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýan itşynas Orazberdi Orazmyradow barada söhbet açmagy makul bildik. * * *

Zenanlarymyzyň lybaslary

Halkymyzyň asyrlar aşyp gelen mirasynda gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslary aýratyn orny eýeleýär. Esasan hem, toýlaryň ýaraşygy bolan kürteler, keteniler gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşýar. Dürli nagyşlar bilen keşdelenen kürte, çyrpy, çabyt, tahýa ýaly türkmen milli lybaslary bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň nepislik bilen sünnälän egin-eşikleri ýerine ýetiriliş usuly taýdan sungat derejesine ýetendir. Milli lybaslarymyz gadymy döwürlerden bäri özüniň sada görnüşini saklap gelipdir. Olaryň biçüwleri asyrlardan-asyrlara dowam edip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir.

Milli gymmatlyklaryň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak, olaryň ähmiýetini we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornuny giňden wagyz etmek hem-de döwrebap derejede dünýä giňişligine ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet derejesinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak, atlaryň çapyşyklara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ynsan gylykly bedewleriň Watan goragçylarynyň we ýurdumyzda tertip-düzgüniň berkarar edilmegini gözegçilikde saklaýan şahsy düzümleriň ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynda hem Gahryman Arkadagymyza we dabara gatnaşyjylara toplumyň çäginde harby gullukçylar tarapyndan idedilýän ahalteke bedewleriniň, alabaýlaryň görkezilmegi, hormatly Arkadagymyzyň 2021-nji ýylda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Akhany synlap, oňa uly baha bermegi bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. Bu günki gün türkmen ahalteke bedewleri we alabaý itleri ýurdumyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýa

El bilen döredilen gudrat

Milli senetçilik däplerimiz öz gözbaşyny iňňän gadymyýetden alyp gaýtmak bilen, asyrlaryň dowamynda dana pederlerimiz, ene-mamalarymyz tarapyndan kämilleşdirildi. Halyçylyk, agaç we demir ussaçylyk senetlerimiz bu günki gün dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. Şu aýyň 12—14-i aralygynda Türkmenabat şäherinde geçiriljek «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly Halkara festiwal hem türkmen senetçilik däplerini dünýä ýaýmakda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolar. Bu çärä daşary ýurtlaryň wekilleri gatnaşar. Halyçylyk halkymyzyň iň gadymy senetleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyz hem bu ajaýyp senedimize belent sarpa goýup, birnäçe ilhalar eserleri döretdi. Şolaryň biri bolan we giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan «Janly rowaýat» atly uly göwrümli kitaby ene-mamalarymyzdan miras galyp, biziň şu günlerimize çenli milli gymmatlyk hökmünde gelip ýeten ajaýyp halylarymyz hakyndadyr. Alym Arkadagymyzyň bu kitaby düýpli ensiklopedik işdir. Ol «Älemiň sazlaşygy», «Asyrlaryň ilçisi», «El bilen döredilen gudrat», «Haly — türkmeniň kalby», «Ertekiniň dowamy» ýaly baplardan durýar.

Zerden zyýada zynat

Meşhur nakylda-da aýdylyşy ýaly, hiç haçan «könesi bolmaýan» altyn-kümşüň lowurdysy hiç kimi hem biparh goýanokdyr welin, olaryň gözelliginiň zenanlary özüne maýyl edişi has başgaça. Ýöne şol gözellik sungat eserine öwrülenden soň bir synlap görüň! Bu gezek diýere söz hem tapmarsyňyz. «Türkmenaltyn» zadowynyň ussahanasyna saýatly zergär Süleýman Karýagdyýewiň döredijiligine degişli eserler bilen tanyşmak maksady bilen girenimizde, şu duýgulary ýene bir ýola başymyzdan geçirdik. Ýok, bu duýgular täze! Ozalkylaryň dagy çeni-çaky däl. Sebäbi gözümiziň öňünde tutuş bir tabak gözellik durdy. Tabakda bolsa adyny agzan miwäň bar, ýöne olar hakyky däl-de, ýörite galypda ýasalyp, daşyna-da altyndyr kümüş çaýylan.

Geçmişe şaýat tapyndylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli mirasymyzy düýpli öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şu aýda welaýatymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly hem bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemeginde möhüm başlangyç bolar. Bilşimiz ýaly, geçmişde Jeýhun boýlary senetçiligiň ösen merkezi hökmünde tanalypdyr. Gadymy desgalarda üsti açylan tapyndylar muňa şaýatlyk edýär. Hususan-da, russiýaly alym-arheolog Albert Burhanow tarapyndan Halaç etrabynyň çägindäki Hojaidat galasynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, bu ýerden X—XIII asyrlara degişli hojalykda dürli maksatlar üçin giňden ulanylan uly göwrümli humlar, gap-gaçlar, çanaklar, käseler, küýzeler, golçalar tapyldy. Bu tapyndylar Amyderýanyň kenarlarynda ýaşan adamlaryň gadymy döwürlerden bäri küýzegärçilik bilen meşgullanyp gelendiklerine şaýatlyk edýär. Bu senet öz gözbaşyny daş asyryň eneolit döwründen alyp gaýdýar. Küýzegärçilik senedi hem taryhyň has irki döwürlerinde döräp, biziň pederlerimiziň dünýä medeniýetine peşgeş beren iň gadymy gymmatlyklarynyň biridir. Küýze önümleri müňýyllyklaryň dowamynda suw, süýt, ýag, gowurma, gatyk ýaly azyk önümlerini saklamakda gündelik durmuşda ulanylyp gelnipdir. Küýzegärçiligiň has ösen döwri irki Orta

Miras paýym ― gül keçäm

Keçe halkymyzyň baý milli mirasynyň esasy gymmatlyklarynyň biridir. Keçe sungaty öz gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp, ol taýýarlanylanda köp zähmeti talap edýär. Ene-mamalarymyzyň bize galdyran baý mirasynyň hatarynda orun alan keçäniň taýýarlanylyş usuly örän täsin bolup, ol häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýörgünli. Keçe adam saglygy üçin hem iňňän peýdalydyr. Ol arassa ýüňden taýýarlanylýandygy sebäpli, ýeriň çyglylygyndan gorap, birnäçe keselleriň öňüni alýar. Okuwçy döwrümizde her ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde mamama keçe taýýarlamaga kömek bererdim. Asyl-ha, bu işe öýümiziň ähli gelin-gyzlary, hatda goňşy-golamlar hem gatnaşardy. Ine, şol günlerde mamamyň iş başynda keçäniň irginsiz zähmeti talap edýändigi barada beren şu gürrüňi heniz hem ýadymda. Ol:

Parasatly pikirler

Wagty geçirmegiň usuly köp, ýöne ony yzyna dolamagyň ýekeje usuly-da ýok.* * *Isleýän bolsaň, wagt taparsyň, islemeýän bolsaň ― bahana.* * *Biz wagty saýlap bilmeýäris. Biz diňe öz döwrümizde nädip ýaşamalydygyny kesgitläp bileris.R.R. Tolkin. * * *Bu barlyk, umuman, öňe hereket edýär, ýöne ýaşlar ony her gezek başyndan başlamaly bolýarlar.Köp bilýän adam üçin wagt ýitirmek agyr hesretdir.Iogan Gýote.

Ybraýym Edhem barada rowaýatlar

XI-XII asyrlarda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşarynyň köp jiltli «Ýagşyzadalaryň bahary» hem-de «Altyn halkalar» atly eserleri dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna girip, olar milli mirasymyzyň naýbaşy nusgalarydyr. Welaýatymyzyň Bötendag belentliginiň günorta böleginde Ybraýym Edhem ady bilen meşhur bolan şahsyýetiň ýadygärligi ýerleşýär. Ruhy gymmatlyklaryň hatyrasyna soltanlyk tagtyndan el çeken bu ýagşyzada barada şu kitaplarda täsin rowaýatlar getirilýär.

Garagumdaky akguýular

Çarwa durmuşynda mal içmäge ýaramly, bol suwly guýular ilkinji zerurlykdyr. Aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda syrgyn-syrgyn bolup oturan gum obalary guýularyň degresini mesgen eýläpdir. Ummasyz uly giňişlige ýaýylyp ýatan Garagum çölünde obalaryň köp sanlysy bolup, olarda ýaşan ilat, esasan, maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Olar yssy howa şertlerine uýgunlaşan goýun-geçileri, düýeleri idedip, güzeranyny aýlapdyrlar. Gaplaňgyr, Üňüz gyrlarynyň aralygynda ýaýylyp ýatan sährada guýularyň köp sanlysy gazylypdyr. Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän Ortaguýynyň 15 kilometr guşlugyndan günorta tarapa 70 — 80 kilometre uzalyp gidýän guýular toplumy ýerli çarwa ilat tarapyndan «Akguýular» diýlip atlandyrylýar. Ol guýularyň sany 30-a golaýlaýar. Daş-töweregi ak alaňlar bilen gurşalan guýularyň aralygy dürli-dürlüdir. Akguýularyň ulagly geçmesi kyn alaňlaryň arasynda ýerleşendigi sebäpli, olaryň töwereginde oturymly obalar ýok. Oturymly obanyň döremegi üçin guýularyň töwereginde toýunly, tekiz takyrlygyň bolmagy hem zerurdyr.

Özboluşly saçörüm

Ene-mamalarymyz täze gelinleriň saçyna altyndan ýa-da kümüşden ýasalan asygy asmagy adat edipdirler. Ol gelin hyzmat edende, saçynyň öňüne düşüp, päsgel berip durmazlygyna ýardam berýär. Ýene bir tarapdan bolsa, biline degip duran altyn ýa-da kümüş asyk gelniň biline güýç-kuwwat beripdir. Mundan başga-da, gelinleriň saçyna gaňraw şelpeler hem dakylyp, olaryň sesi gelinleriň her bir hereketine goşulyşyp, näzijek owaz döredipdir. Onuň gözelligine gözellik goşupdyr. Daşoguzly zenanlaryň başgaplary «hasaba» diýlip atlandyrylypdyr.  Hemme ýaşdaky aýal-gyzlaryň ulanýan başgaplary birmeňzeş bolmandyr.

Haly, çuwal törde ýagşy

Mähriban gelin-gyzlarymyzyň eý görýän lälelerinde şeýle setirler bar: Suw akar çyrpyn bile,Gyz gaýdar garçyn bile.Degmäň gyzyň göwnüneOýnasyn laçyn bile.

Magtymgulynyň ýaşaýyş paýhasynyň ynsap ölçegi

ähli döwürler we nesiller üçin ruhy çyragdyr Biziň halkymyz «ynsap» diýen düşünjäni halal, ahlakly, hoşniýetli, kanagatly ýaşamagy aňladýan köp garaýyşlar bilen baglap, onuň adamyň öz hereketini, isleg-arzuwlaryny gowulyga gönükdirmek, ýaramazlygyň öňüni almak erki esasynda ýüze çykýandygyny belleýär. Şonuň üçin ynsap, ynsaply ýaşaýyş hakyndaky gürrüň adamyň özüne erk etmegi, isleglerini çäklendirmegi baradaky gürrüňdir. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy islegi çäklendirmek üçin nebse erk etmek, nebsiň öňüni iman bilen almak baradaky pikirleri öňe sürüpdir. Şu babatdaky talaplar beýik akyldaryň filosofik mirasynda ynsaply ýaşaýyş paýhasy esasynda kesgitlenilýär.

Gadymydan galan nusga

Milli mirasyna çäksiz hormat goýýan, ata-babalaryndan galan edebi, medeni, milli gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly goraýan merdana halkymyz bize onlarça, ýüzlerçe gymmatlyklary miras galdyrypdyrlar. Şol gymmatlyklary edep-terbiýäniň, gadymy geçmişimize buýsanç, guwanç bilen garamagyň egsilmez çeşmesi hasaplapdyrlar. Geçmişde ata-babalarymyz daýhançylyk, senetçilik bilen birlikde, maldarçylyk bilenem meşgullanypdyrlar. Çarwadarçylyk bilen bagly bize miras galan gymmatlyklar hem az däl.

Pyragynyň çeper keşbi

Şageldi Orazlyýew, «Turgul diýdiler». Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan ylham alýan suratkeşler beýik şahyra bagyşlap ençeme sungat eserlerini döretdiler. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda ussat halypalar A.Hajyýewiň, Ç.Amangeldiýewiň, Ý.Baýramowyň, A.Kiçigulyýewiň, H.Annaçaryýewiň, B.Owganowyň, K.Gurbangeldiýewiň, P.Garryýewiň eserlerinde şahyryň keşbi ussatlarça şekillendirilýär. Ýiti zehinli ýaşlaryň döredijiliginde-de akyldar şahyryň ruhy dünýäsi özboluşly açylyp görkezilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ussat halypalaryň ýetişdiren şägirtleri zehinlerini öz eserlerinde açyp görkezýärler. S.Rejepowanyň, Ş.Orazlyýewiň, R.Haýtmyradowyň, N.Nobatowyň «Magtymguly» atly eserleri, M.Bäşimowanyň Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň», «Boýlaryňa», «Meňzemez», «Joşa ýetdiň» ýaly şygyrlaryna bagyşlanan grafika eserleri ýaş suratkeşleriň döredijilik ylhamyny ýüze çykarýar.

Atyny bagt saýýan halk

Asyrlarboýy arzuwlanyp ýetilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly tutumlara beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralar 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Arkadagly Serdarymyzyň  gatnaşmagynda dowam etdi. Atynyň çapyşyny bagtynyň çapyşy saýyp: «At çapmaz — bagt çapar» diýýän halkymyzyň dünýä belli ahalteke bedewleri çapyşyklaryň ýedisinde hem öz okgunlylygyny we çalasynlygyny görkezdiler. Her birine on  at gatnaşan 1600, 1800, 2200 metr aralykda guralan çapyşyklaryň hemmesi hem örän çekeleşikli geçdi. Biri-birinden owadan hem ýyndam bedewleriň ýeňiş gazanmak ugrundaky ýaryşlary bu ýere ýygnanan janköýerlerde aýratyn gyzyklanma döretdi.