Magtymgulynyň ýaşaýyş paýhasynyň ynsap ölçegi

3 Oktýabr 2022
737

ähli döwürler we nesiller üçin ruhy çyragdyr

Biziň halkymyz «ynsap» diýen düşünjäni halal, ahlakly, hoşniýetli, kanagatly ýaşamagy aňladýan köp garaýyşlar bilen baglap, onuň adamyň öz hereketini, isleg-arzuwlaryny gowulyga gönükdirmek, ýaramazlygyň öňüni almak erki esasynda ýüze çykýandygyny belleýär. Şonuň üçin ynsap, ynsaply ýaşaýyş hakyndaky gürrüň adamyň özüne erk etmegi, isleglerini çäklendirmegi baradaky gürrüňdir. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy islegi çäklendirmek üçin nebse erk etmek, nebsiň öňüni iman bilen almak baradaky pikirleri öňe sürüpdir. Şu babatdaky talaplar beýik akyldaryň filosofik mirasynda ynsaply ýaşaýyş paýhasy esasynda kesgitlenilýär.

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.