Halk döredijiliginde milli sütünler

10 Oktýabr 2022
883

Dünýäde örän köp halklaryň hem-de olardan-da kän halkyýetleriň barlygynda özi bolup ýaşamak, beýlekileriň täsiri astynda özlüligini ýitirip, başgalara siňip gitmezlik, ösüp-örňemek, ýene ýüzlerçe, müňlerçe ýyl geçse-de kämilleşip, ylymda-bilimde, ykdysadyýetde, medeniýetde hernäçe ýokary derejelere ýetende-de öz-özi bolup galmagy üçin halka ruhy sütünler gerek. Biziň halkymyzyň şeýle sütünleri bardyr we olar häzirki zaman şertlerinde artyp hem berkäp barýar. Biz şeýle diýenimizde, halkymyzyň şöhratly taryhyny, taryhy şahslaryny, edebi-pelsepewi dünýägaraýşyny, hiç bir kitaba ýazylmadyk, emma daşa ýazylan ýaly diýdirýän türkmençiligini, beýik Magtymgulynyň we nusgawy edebiýatymyzyň beýleki ägirtleriniň miras galdyran eserlerini, häzirki zaman sungat eserlerini we edebiýatyny, ilkinji nobatda-da, Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen, soňlugy bilen hem BMG-niň dolulygyna kabul we ykrar eden, häzirki döwrümizde bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny göz öňünde tutýarys. Şularyň arasynda «Görogly» bilen «Gorkut atada» ünsümiziň saklanmagy bolsa bu iki eseriň halk döredijiligimiziň iň gadymy eserleridigi hem-de halk köpçüligine örän tanyşdygy, şeýle-de olarda halkyň keşbiniň görünýändigi bilen bagly.

1. Toprakdan alyndyň, adamzat, topraga-da gowşarsyň!

Seýitguly Geldiýew,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.