Garagumdaky akguýular

5 Oktýabr 2022
655

Çarwa durmuşynda mal içmäge ýaramly, bol suwly guýular ilkinji zerurlykdyr. Aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda syrgyn-syrgyn bolup oturan gum obalary guýularyň degresini mesgen eýläpdir. Ummasyz uly giňişlige ýaýylyp ýatan Garagum çölünde obalaryň köp sanlysy bolup, olarda ýaşan ilat, esasan, maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Olar yssy howa şertlerine uýgunlaşan goýun-geçileri, düýeleri idedip, güzeranyny aýlapdyrlar.

Gaplaňgyr, Üňüz gyrlarynyň aralygynda ýaýylyp ýatan sährada guýularyň köp sanlysy gazylypdyr. Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän Ortaguýynyň 15 kilometr guşlugyndan günorta tarapa 70 — 80 kilometre uzalyp gidýän guýular toplumy ýerli çarwa ilat tarapyndan «Akguýular» diýlip atlandyrylýar. Ol guýularyň sany 30-a golaýlaýar. Daş-töweregi ak alaňlar bilen gurşalan guýularyň aralygy dürli-dürlüdir. Akguýularyň ulagly geçmesi kyn alaňlaryň arasynda ýerleşendigi sebäpli, olaryň töwereginde oturymly obalar ýok. Oturymly obanyň döremegi üçin guýularyň töwereginde toýunly, tekiz takyrlygyň bolmagy hem zerurdyr.

Begenç BAÝNEPESOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 86-njy orta mekdebiň mugallymy.