El bilen döredilen gudrat

5 Oktýabr 2022
711

Milli senetçilik däplerimiz öz gözbaşyny iňňän gadymyýetden alyp gaýtmak bilen, asyrlaryň dowamynda dana pederlerimiz, ene-mamalarymyz tarapyndan kämilleşdirildi. Halyçylyk, agaç we demir ussaçylyk senetlerimiz bu günki gün dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. Şu aýyň 12—14-i aralygynda Türkmenabat şäherinde geçiriljek «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly Halkara festiwal hem türkmen senetçilik däplerini dünýä ýaýmakda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolar. Bu çärä daşary ýurtlaryň wekilleri gatnaşar.

Halyçylyk halkymyzyň iň gadymy senetleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyz hem bu ajaýyp senedimize belent sarpa goýup, birnäçe ilhalar eserleri döretdi. Şolaryň biri bolan we giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan «Janly rowaýat» atly uly göwrümli kitaby ene-mamalarymyzdan miras galyp, biziň şu günlerimize çenli milli gymmatlyk hökmünde gelip ýeten ajaýyp halylarymyz hakyndadyr. Alym Arkadagymyzyň bu kitaby düýpli ensiklopedik işdir. Ol «Älemiň sazlaşygy», «Asyrlaryň ilçisi», «El bilen döredilen gudrat», «Haly — türkmeniň kalby», «Ertekiniň dowamy» ýaly baplardan durýar.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, sungaty öwreniji.