Özboluşly saçörüm

5 Oktýabr 2022
754

Ene-mamalarymyz täze gelinleriň saçyna altyndan ýa-da kümüşden ýasalan asygy asmagy adat edipdirler. Ol gelin hyzmat edende, saçynyň öňüne düşüp, päsgel berip durmazlygyna ýardam berýär. Ýene bir tarapdan bolsa, biline degip duran altyn ýa-da kümüş asyk gelniň biline güýç-kuwwat beripdir. Mundan başga-da, gelinleriň saçyna gaňraw şelpeler hem dakylyp, olaryň sesi gelinleriň her bir hereketine goşulyşyp, näzijek owaz döredipdir. Onuň gözelligine gözellik goşupdyr.

Daşoguzly zenanlaryň başgaplary «hasaba» diýlip atlandyrylypdyr.  Hemme ýaşdaky aýal-gyzlaryň ulanýan başgaplary birmeňzeş bolmandyr.

Annatuwak KAKAÝEWA,
Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň direktory.