Zenanlarymyzyň lybaslary

7 Oktýabr 2022
1565

Halkymyzyň asyrlar aşyp gelen mirasynda gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslary aýratyn orny eýeleýär. Esasan hem, toýlaryň ýaraşygy bolan kürteler, keteniler gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşýar. Dürli nagyşlar bilen keşdelenen kürte, çyrpy, çabyt, tahýa ýaly türkmen milli lybaslary bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmen gelin-gyzlarynyň nepislik bilen sünnälän egin-eşikleri ýerine ýetiriliş usuly taýdan sungat derejesine ýetendir. Milli lybaslarymyz gadymy döwürlerden bäri özüniň sada görnüşini saklap gelipdir. Olaryň biçüwleri asyrlardan-asyrlara dowam edip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir.

Altyn SAPARBAÝEWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň usulyýet işleri bölüminiň müdiri.