Geçmişe şaýat tapyndylar

5 Oktýabr 2022
795

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli mirasymyzy düýpli öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şu aýda welaýatymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly hem bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemeginde möhüm başlangyç bolar. Bilşimiz ýaly, geçmişde Jeýhun boýlary senetçiligiň ösen merkezi hökmünde tanalypdyr. Gadymy desgalarda üsti açylan tapyndylar muňa şaýatlyk edýär. Hususan-da, russiýaly alym-arheolog Albert Burhanow tarapyndan Halaç etrabynyň çägindäki Hojaidat galasynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, bu ýerden X—XIII asyrlara degişli hojalykda dürli maksatlar üçin giňden ulanylan uly göwrümli humlar, gap-gaçlar, çanaklar, käseler, küýzeler, golçalar tapyldy. Bu tapyndylar Amyderýanyň kenarlarynda ýaşan adamlaryň gadymy döwürlerden bäri küýzegärçilik bilen meşgullanyp gelendiklerine şaýatlyk edýär. Bu senet öz gözbaşyny daş asyryň eneolit döwründen alyp gaýdýar.

Küýzegärçilik senedi hem taryhyň has irki döwürlerinde döräp, biziň pederlerimiziň dünýä medeniýetine peşgeş beren iň gadymy gymmatlyklarynyň biridir. Küýze önümleri müňýyllyklaryň dowamynda suw, süýt, ýag, gowurma, gatyk ýaly azyk önümlerini saklamakda gündelik durmuşda ulanylyp gelnipdir. Küýzegärçiligiň has ösen döwri irki Orta asyrlar, ýagny, VIII-XII asyrlar diýlip kesgitlenilýär. Bu ugruň kämilleşmegi bilen, IX—X asyrlarda toýundan syrçaly gaplar hem öndürilip, bu senediň has-da ösmegine itergi beripdir. Ynha, biziň muzeýimiziň gaznasynda we arheologiýa zalynyň sergisinde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden tapylan, toýundan ýasalan küýze önümleriniň birnäçesi görkezilýär. Olar irki we orta asyrlara degişli küýze önümleridir. Küýzeler gowy eýlenen palçykdan, ýörite ussalar tarapyndan dürli görnüşde ýasalypdyr. Gahryman Arkadagymyz orta asyrlarda milli küýzegärçilik senedimiziň batly depginde ösendigini «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin beýan edýär.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.