Çörek

11 Oktýabr 2022
741

Türkmen halkymyzda çörek iň eý görülýän mukaddeslikleriň biridir. Muňa ata-babalarymyzdan miras galan çörek bilen baglanyşykly edim-gylymlar ynançlar bilen tanşanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Türkmen maşgalasynda her bir ata-ene saçak başynda çagalaryna kiçijekliginden çörek bilen baglanyşykly edim-gylymlary öwredip, olaryň aňyna guýmaklygy özleriniň enelik hem-de atalyk borçlary hasap edýär. Şundan ugur alyp, ata-enelerimiz türkmençilikde çöregiň düňderilip goýulmaýandygyny, ony ýeke el bilen bölmeli, saçagyň we çöregiň üstünden basmaly, ätlemeli, hatda çöregiň bir owuntygyny-da ýere gaçyrmaly däldigini öwredipdirler. Şeýle-de çöregiň iki tarapyndan döwülmeýändigi türkmençilikde tamdyr çöreginiň pyçak bilen kesilmeýändigi we başga-da birnäçe zatlar barada aýdypdyrlar.

Halkymyzyň milli mukaddesliklerine, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndaky çörek baradaky ajaýyp setirler, buýsançly gürrüňler ýaş nesillerimize bu mukaddeslige söýgi döretmekde uly mekdep bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndaky: «Çörek adamzat üçin ähli eşretlerden beýgidir. Çörek gudratly söz. Bu ynsanyň ýaşamagy üçin suw we howa dek zerur. Bugdaýy ekinleriň genji saýan türkmen halky çöregi gadymy zamanlardan bäri hormatlap, maňlaýyna sylmagy, çöregiň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy adata öwrüpdir» diýen setirleriniň ýaşlarymyz üçin terbiýeçilik ähmiýeti juda uludyr.

Döwletgeldi MERGENOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.