Miras paýym ― gül keçäm

5 Oktýabr 2022
805

Keçe halkymyzyň baý milli mirasynyň esasy gymmatlyklarynyň biridir. Keçe sungaty öz gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp, ol taýýarlanylanda köp zähmeti talap edýär. Ene-mamalarymyzyň bize galdyran baý mirasynyň hatarynda orun alan keçäniň taýýarlanylyş usuly örän täsin bolup, ol häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýörgünli. Keçe adam saglygy üçin hem iňňän peýdalydyr. Ol arassa ýüňden taýýarlanylýandygy sebäpli, ýeriň çyglylygyndan gorap, birnäçe keselleriň öňüni alýar.

Okuwçy döwrümizde her ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde mamama keçe taýýarlamaga kömek bererdim. Asyl-ha, bu işe öýümiziň ähli gelin-gyzlary, hatda goňşy-golamlar hem gatnaşardy. Ine, şol günlerde mamamyň iş başynda keçäniň irginsiz zähmeti talap edýändigi barada beren şu gürrüňi heniz hem ýadymda. Ol:

Maral AGAMYRADOWA.