Zerden zyýada zynat

5 Oktýabr 2022
735

Meşhur nakylda-da aýdylyşy ýaly, hiç haçan «könesi bolmaýan» altyn-kümşüň lowurdysy hiç kimi hem biparh goýanokdyr welin, olaryň gözelliginiň zenanlary özüne maýyl edişi has başgaça. Ýöne şol gözellik sungat eserine öwrülenden soň bir synlap görüň! Bu gezek diýere söz hem tapmarsyňyz. «Türkmenaltyn» zadowynyň ussahanasyna saýatly zergär Süleýman Karýagdyýewiň döredijiligine degişli eserler bilen tanyşmak maksady bilen girenimizde, şu duýgulary ýene bir ýola başymyzdan geçirdik.

Ýok, bu duýgular täze! Ozalkylaryň dagy çeni-çaky däl. Sebäbi gözümiziň öňünde tutuş bir tabak gözellik durdy. Tabakda bolsa adyny agzan miwäň bar, ýöne olar hakyky däl-de, ýörite galypda ýasalyp, daşyna-da altyndyr kümüş çaýylan.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.