"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Şöhratly geçmişiň ýaňy – ýagty geljegiň daňy

Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem, türkmenler dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Häzirki eşretli zamanamyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän gadymy hem orta asyr ýadygärliklerinde, taryhy muzeýlerde saklanýan, halkymyzyň geçmiş ýolundan söz açýan gymmatlyklary göreniňde, şeýle genji-hazynalarymyzy her bir raýatymyzyň görüp, synlap, olar barada gymmatly maglumatlary alyp bilmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler göwnüňi göterýär. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde taryhy-medeni ýadygärlik toplumlarynyň ençemesi ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul, Merw ýadygärlikler toplumlarynda bina gurmagyň täsin nusgalaryny görmek bolýar. Aýratyn hem Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen akylyňy haýran edýär. Mundan başga-da, Yzmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly başga-da b

Kalplaryň şamçyragy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýini ýurdumyzda hem halkara derejesinde ýokary guramaçylykly geçirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň metbugat sahypalarynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligine, dürdäne şygyrlaryna degişli täsirli makalalar, düýpli ylmy seljermeler, ussada bagyşlanyp döredilýän goşgulardyr hekaýalar çap edilip, teleradio gepleşikler yzygiderli halkymyza ýetirilýär. Döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Döwürdeş şahyrlaryň Magtymguly hakyndaky goşgular kitabyny, sowgatlyk neşirlerini çap edip, halka ýetirmek göz öňünde tutulýar. Magtymguly Pyragynyň ýubileý dabaralarynyň çäklerinde şahyryň türkmen hem-de dünýäniň onlarça döwletleriniň dillerinde neşir edilýän goşgular kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, halkara maslahatlaryny geçirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Durmuş — jöwherli sandyk...

Dünýä ýüzünde millionlarça eser bar. Olaryň biri çeper, biri dokumental, ýene biri bolsa filosofik mazmunly. Awstriýaly ýazyjy Ronda Bern häzirki döwürde dünýäde iň bir söýlüp okalýan ýazyjylaryň biri. Muny onuň dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döreden «Jady» atly eseri-de aýdyň görkezýär. Dünýä dilleriniň ençemesinde neşir edilen bu eser hiç mahal okyjysyny ýitirenok, elden-ele geçip okalýar.

Akylyň aňa agramy ýok

Döredijiligiň dünýäsine diňe bedeniňi däl-de, eýsem, kalbyňy hem ruhuňy tämizläp girmeli. * * *

Zergärçilik sungatynyň taryhy we şu güni

Türkmen halkynyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, dünýä ýaýran baý taryhy, maddy, ruhy-medeni gymmatlyklary bar. Türkmen zenanlarynyň şaý-seplerine üns beriň! Bularyň bezeg aýratynlygyndan başga-da, göz-dilden goramak häsiýeti bar. Çünki gymmat bahaly daşlardan başga-da, dürli görnüşli geometrik we tebigatdaky jandarlaryň, ösümlikleriň stilleşdirilen şekilleri bar. Türkmen halkynyň irki ynançlary dünýä halklarynyň medeni-dini ösüşi bilen deň derejede kämilleşendir. Tebigat hadysalaryna bolan ynanç esasynda dörän, şekillendiriş sungatyna degişli döredilen eserleriň belli bahasy ýokdur. Muňa Türkmenistanyň çäklerinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar (gliptika, terawtika, terrakotalar, dürli daş, metal, süňk bezegleri, keramiki gap-gaçlar, zergärçilik önümleri, diwar bezeg bölekleri) şaýatlyk edýär. Arheologik tapyndylar, alymlaryň pikiriçe, türkmen zenanlaryna has irki taryhy döwürlerde hem bezeg şaý-sepleri bolup hyzmat eden deňiz balykgulaklary, dürli reňkli daşjagazlardan ýasalan monjuklar we beýleki bezegler (balyklaryň, jandarlaryň süňkleri, dürli agaçlardan ýasalan şekiller), şol bir wagtda bezeg hem gorag häsiýetlerine eýe bolupdyr. Taryhyň gadymy döwründen tä orta asyrlara çenli kämilleşip, bezegleri ýokary sungat derejesine ýeten zergärçilik önümleriniň her biriniň ornament şekil bezegi many-mazmuna baýdyr. Meselem, aw, söweş ýa-da gorag üçin niýet

Gonçsuz jorap

Jorabyň durky 8-9 santimetr örülenden soňra, üstki iki çişindäki halkalardan 16-17 sanysyny azaltmaly. Onuň üçin iki ýüpde gezekleşdirip, çişi iki halkanyň içinden gabatlap geçirip, çişiň başyna ýüp atmaly. Halka çekip alyp, ol halkanam çişdäki halkanyň ýene biri bilen gabatlamaly. Çişi geçirip, ýüp salyp, halkany çekip almaly. Şu görnüşi gaýtalap, halkalary kemeldýärkäň, her gapdalda 11-12 halkany örüp dowam edip, örüm ökjäniň arka ýüzüne aýlanýança örübermeli. Örýän wagtyň iki gyradaky halkalary iki ýüpde gezekleşdirip owadanlamaly. Örüm ökjäniň arkasyna aýlananda, iki tarapky çişiň halkalarynyň hersinden birini gabatlap, içinden çişi geçirip, çişe ýüpi salyp, halkany çekip alyp, soňuna çenli şeýle gaýtalap örüm (tikmesi) bilen ökjäni birleşdirmeli.

Tutawaçlar

Ir döwürlerden başlap gelin-gyzlar gündelik durmuşda tutawaçlary (tutaçlary) ulanypdyrlar. Ene-mamalarymyz täze we köne parçalardan tutawaçlaryň dürli görnüşlerini tikipdirler. Hatda keçe könelenden soň hem ony tutawaç tikmek üçin ulanypdyrlar. Iki tutawajyň hersiniň bir burçuna 1 metr ýaly uly alaja ýüp çatylýar. Alaja ýüp bilen birikdirilen jübüt tutawaçlar ojagyň üstündäki uly gazanyň, kerseniň gulplaryndan tutmak üçin ulanylypdyr. Bu tutawaja «kersengöteren» diýer ekenler. Durmuşda hiç bir zady yrýa etmeýän ene-mamalarymyz has könelen keçelerden kesip, gazany, kerseni ýuwmak üçin sürtgüç hem tikipdirler.

Çäýnek örtügi

Dürli gülli we gülsüz matalardan köýnek ýa beýleki lybaslar tikilende, artan parçalardan hem çäýnek örtügini tikmek bolýar. Çäýnek örtügini tikmek üçin daşky görnüşini iki gat biçip, iki gatyna-da üýtgeşik parçadan çäýnegiň şekilini biçip, gelşirip kök atmaly. Ak pamykdan alnan içligini hem iki gat halda deňme-deň biçip, ýazgyn halda sünnäläp kök atmaly. Onsoň çäýnek şekilli daşky görnüşiň üstüne pamygy goýup kök atmaly. Çäýnegiň jürnüginiň, tutawajynyň durjak ýerini tikin maşynynda gelşikli edip, tikip, berkitmeli. Örtügiň ýokarsyna we gyralaryna gelişýän parçadan gyýy aýlamaly. Gelin-gyzlarymyz dürli görnüşli parçalaryň owadan ýerinden  çäýnek örtügini tikip bilerler.

Keşbi kalpdan keteni

Keteni Ýalkym saçar öwşüni,Geýse gözel keteni,Keşde bezär döşüni,Geýse gözel keteni.

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň...

Dile gelen sözler köňül nagşydyr Türkmen halkynyň adyny dünýä ýaýan, söz mülküniň hökmürowany Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez eserleri asyrlaryň içinden aşyp, şu günler hem haýran galdyrýar. Şahyr öz ýaşan zamanasynyň aýnasy bolup, döwrüniň ýagşy-ýaman wakalaryny setirlerinde beýan edipdir, adamlary ynsanperwerlige, watansöýüjilige, mertlige, ahlaklylyga çagyrypdyr. Akyldaryň dürdäne setirleri halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdyr. Bu barada şahyr:

Merwiň göwher gaşy

Türkmen halkynyň baý taryhy asyrlaryň dowamynda, şeýle hem häzirkizaman jemgyýetinde dünýäniň ünsüni özüne çekip gelýär. Halkyň milli mertebesi, geçmiş taryhy, medeni mirasy taryhy ýadygärlikleriň keşbinde has hem ýiti duýulýar. Türkmenleriň ýaşan ýerleri ajaýyp binalary, durmuş ugurly desgalary bilen dünýä alymlarynyň, jahankeşdeleriniň nazaryny özüne çekip, olary gaýtadan görmäge, öwrenmäge hem-de wagyz etmäge höweslendiripdir. Munuň özi türkmen binagärliginiň we milli arhitekturasynyň özboluşly nusgadygyny Gündogar binagärlik sungatynyň naýbaşy däpleriniň bu ýerde jemlenendigini görkezýär.

Türkmen alabaýy - halkyň milli gymmatlygy

Pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň ýokary derejede sarpalanýan zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň döreýiş we ösüş taryhyny, özboluşly milli aýratynlyklaryny, terbiýeçilik we umumadamzat ähmiýetini öwrenmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän taryhy we medeni gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak baradaky tagallalar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň hatarynda türkmeniň dünýä belli milli gymmatlyklarynyň biri hem alabaý itidir. Türkmeniň alabaý iti adamzat döräli bäri halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edip gelipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ymgyr Garagumuň sähralygynda goýun-geçi bakyp, olary köpeldip, ösdürip ýetişdirmek we ýyrtyjy haýwanlardan gorap saklamak üçin gaýduwsyz, wepaly, batyr, hüşgär, örän düşbi goýun itlerini-alabaýlary döredipdirler. Halkymyz bu ugurda ýüzýyllyklara daýanýan itleri seçip-saýlamak, köpeltmek we kämilleşdirmek babatynda baý tejribe toplapdyrlar. Alabaýlar goýun sürüsini goramakda we bakmakda çopan durmuşynyň möhüm zerurlygy bolupdyr. Türkmen alabaý itleriniň arassa tohumynyň sakl

Türkmenistanda taryhy-medeni ýadygärliklere bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

AŞGABAT, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Bu gezekki giň möçberli forumyň baş maksady taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek babatda halkara gatnaşyklary giňeltmekden we özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Gadymýetiň ýaňy

Şu gün, ýagny 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sanly ulgam arkaly geçirilýän «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ir säher bilen Halkara ylmy maslahatyna gatnaşýan türkmen alymlary we hünarmenleri Änew galasyna baryp gördüler we ol ýerde ýerleşýän orta asyr suw saklaýjy desgada (sardobada) alnyp barylýan ylmy-barlag we dikeldiş işleri bilen tanyşdylar.

Gadymy Merwiň ýadygärlikleri

Döwletimiziň halkara derejedäki at-abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän döwründe, taryhyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýadygärlikleriň aýratyn ähmiýeti bar. Geçmişiň şöhratly we ýeňişli ýollarynda uly kerwensaraýlary, şowhunly bazarlary, hanakalary, metjitleri, medreseleri, biri-birine juda meňzeş daşky diwarlary gasynly gurlan köşkleri, galalary, ajaýyp kitaphanalary bilen Gündogaryň ruhy we medeni merkezine öwrülen gadymy Merwiň ajaýyp köşkleri aýratyn öwgä mynasypdyr. Kelte minaradaky köşk Mary welaýatynyň Murgap etrabynda ýerleşýän ajaýyp taryhy ýadygärlikleriň biridir. Ýadygärligiň ylmy dilde we halk arasynda Kelte minara diýlip atlandyrylmagy, şol ýerde saklanyp galan ýarpy bölegi ýumrulan minaranyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ýadygärligiň demirgazyk tarapyndan akyp geçen gadymy suwaryş kanalynyň golaýynda haýsydyr bir köşgüň binagärlik keşbi saklanyp galypdyr. Şol köşgüň binagärliginde çig kerpiçler bişen kerpiçlere garanyňda has köpräk ulanylypdyr. Muňa garamazdan köşgüň diwarlarynyň iç we daş ýüzleri berklik üçin toýun bilen mazaly suwalypdyr. Köşgüň esasy aýratynlygy hökmünde älemiň dört tarapyna gönükdürilen girelgelerini görkezmek bolar. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu köşk VII-XI asyrlarda bina edilipdir.

Magtymgulynyň şygryýet dünýäsinde ata Watana bolan söýgi

Aslynyň kimlerdendigini şahyryň özüniň aýdyp geçmegine görä Magtymgulynyň ýaşlyk, ýetginjek ýyllary Etrek, Gürgen derýasynyň boýunda Soňydag, Gyzylbaýyr sebitlerinde tebigatyň gözel ýerlerinde geçipdir. Şol döwürlerde Eýran hanlyklarynyň çozuşlarynyň häli-şindi gaýtalanyp durmaklygy sebäpli şahyryň nebereleri öz ildeşleri bilen bilelikde, ilki Soňydaga, soňra bolsa Garrygala taraplara göçmäge mejbur bolupdyrlar. Şeýle göçe-göçlükler soňam ýygy-ýygydan gaýtalanyp durupdyr. Astrabat hanlarynyň Soňydagyň üstüne bolan çozuşynda gökleňler dagyň depesindäki Gyzylbaýyr diýip atlandyrylaýan ýerlere göçüpdirler. Şonda Tersakaryň güzerinden geçjek bolanlarynda, şol döwür bahar aýlary bolansoň güýçli ýagyşyň ýagmagy zerarly Magtymgulynyň ähli goşlaryny sil alypdyr. Şol siliň alyp giden zatlarynyň arasynda şahyryň birnäçe eserleriniň golýazmalaram bar eken. Şonda Magtymgula ol eserleriň diňe bir ujypsyzja bölegini alyp galmak başardypdyr. Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çenden aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, er

Myhmanlar medeni ojaklarda boldular

Şu gün ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň iş meýilnamasyna laýyklykda welaýatymyzda geçiriljek «Köýtendag türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir!» atly maslahata gatnaşmaga gelen wekiller Türkmenabat şäherindäki medeni ojaklarda boldular. Günüň birinji ýarymynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustamowanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň agzalary Türkmenabat şäherindäki Amul galasynda gezelençde boldular. Gezelenjiň dowamynda olar halkymyzyň taryhy mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bu gadymy galanyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra bu günki täsirli gezelenç welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşyk bilen dowam etdi. Umumadamzat medeniýetine mynasyp goşant goşan halkymyzyň medeni mirasynyň gadymylygyny we baýlygyny görkezýän muzeý gymmatlyklary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar welaýatymyzyň tebigy aýratynlyklaryny we gaýtalanmajak gözelliklerini çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça işleriň ýene-de dowam etdiriljekdigini nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutumly işleriniň

Durmuş sapaklary

Atamyrat ATABAÝEW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. El adama özüni ele almak üçin berlipdir.

Ak silk­me tel­pek

Türkmen telpekleri halkymyzyň durmuşyna irki döwürlerde ornaşypdyr. Ýurdumyzyň yssy howa şertleri, gyzgyndan goranmak adamlarda oňaýly başgaplary taýýarlamagyň aladasyny etmäge iteripdir. Şeýlelikde, ata-babalarymyz her burmasyndan ekez gamyş geçiribermeli silkme telpekleri taýýarlamagyň aladasy bilen bolupdyrlar.  Eli hünärli pederlerimiz telpek taýýarlamakda duzy mazaly ýetirilen derini eýlemek üçin gatyk ýa-da arpa suwuny ulanypdyrlar. Bu iş birnäçe güne çekip, deriniň ýüzi saýhallanypdyr.

Danalaryň nusgalyk ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan durmuş tejribesini, maddy we medeni mirasyny öwrenmek, olary aýawly saklamak işleri uly höwes bilen durmuşa geçirilýär. Nesilleriň gursagynda halkymyzyň gahrymançylykly durmuş ýoluna çäksiz söýgi döretmek ýaly wajyp meseleleri amala aşyrmak babatda döwletimiz iri halkara guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklary amala aşyrýar. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän onlarça taryhy ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.