Gonçsuz jorap

25 Noýabr 2022
1316

Jorabyň durky 8-9 santimetr örülenden soňra, üstki iki çişindäki halkalardan 16-17 sanysyny azaltmaly. Onuň üçin iki ýüpde gezekleşdirip, çişi iki halkanyň içinden gabatlap geçirip, çişiň başyna ýüp atmaly. Halka çekip alyp, ol halkanam çişdäki halkanyň ýene biri bilen gabatlamaly. Çişi geçirip, ýüp salyp, halkany çekip almaly. Şu görnüşi gaýtalap, halkalary kemeldýärkäň, her gapdalda 11-12 halkany örüp dowam edip, örüm ökjäniň arka ýüzüne aýlanýança örübermeli. Örýän wagtyň iki gyradaky halkalary iki ýüpde gezekleşdirip owadanlamaly. Örüm ökjäniň arkasyna aýlananda, iki tarapky çişiň halkalarynyň hersinden birini gabatlap, içinden çişi geçirip, çişe ýüpi salyp, halkany çekip alyp, soňuna çenli şeýle gaýtalap örüm (tikmesi) bilen ökjäni birleşdirmeli.

Taýýarlan Ogulbaýram KULYÝEWA,
mirasgär.