Myhmanlar medeni ojaklarda boldular

18 Noýabr 2022
561

Şu gün ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň iş meýilnamasyna laýyklykda welaýatymyzda geçiriljek «Köýtendag türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir!» atly maslahata gatnaşmaga gelen wekiller Türkmenabat şäherindäki medeni ojaklarda boldular. Günüň birinji ýarymynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustamowanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň agzalary Türkmenabat şäherindäki Amul galasynda gezelençde boldular. Gezelenjiň dowamynda olar halkymyzyň taryhy mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bu gadymy galanyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra bu günki täsirli gezelenç welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşyk bilen dowam etdi.

Umumadamzat medeniýetine mynasyp goşant goşan halkymyzyň medeni mirasynyň gadymylygyny we baýlygyny görkezýän muzeý gymmatlyklary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar welaýatymyzyň tebigy aýratynlyklaryny we gaýtalanmajak gözelliklerini çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça işleriň ýene-de dowam etdiriljekdigini nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.