Merwiň göwher gaşy

23 Noýabr 2022
396

Türkmen halkynyň baý taryhy asyrlaryň dowamynda, şeýle hem häzirkizaman jemgyýetinde dünýäniň ünsüni özüne çekip gelýär. Halkyň milli mertebesi, geçmiş taryhy, medeni mirasy taryhy ýadygärlikleriň keşbinde has hem ýiti duýulýar.

Türkmenleriň ýaşan ýerleri ajaýyp binalary, durmuş ugurly desgalary bilen dünýä alymlarynyň, jahankeşdeleriniň nazaryny özüne çekip, olary gaýtadan görmäge, öwrenmäge hem-de wagyz etmäge höweslendiripdir. Munuň özi türkmen binagärliginiň we milli arhitekturasynyň özboluşly nusgadygyny Gündogar binagärlik sungatynyň naýbaşy däpleriniň bu ýerde jemlenendigini görkezýär.