Ak silk­me tel­pek

17 Noýabr 2022
865

Türkmen telpekleri halkymyzyň durmuşyna irki döwürlerde ornaşypdyr. Ýurdumyzyň yssy howa şertleri, gyzgyndan goranmak adamlarda oňaýly başgaplary taýýarlamagyň aladasyny etmäge iteripdir. Şeýlelikde, ata-babalarymyz her burmasyndan ekez gamyş geçiribermeli silkme telpekleri taýýarlamagyň aladasy bilen bolupdyrlar. 

Eli hünärli pederlerimiz telpek taýýarlamakda duzy mazaly ýetirilen derini eýlemek üçin gatyk ýa-da arpa suwuny ulanypdyrlar. Bu iş birnäçe güne çekip, deriniň ýüzi saýhallanypdyr.

Aýlar ORAZBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji orta mekdebiň mugallymy.