Çäýnek örtügi

25 Noýabr 2022
952

Dürli gülli we gülsüz matalardan köýnek ýa beýleki lybaslar tikilende, artan parçalardan hem çäýnek örtügini tikmek bolýar. Çäýnek örtügini tikmek üçin daşky görnüşini iki gat biçip, iki gatyna-da üýtgeşik parçadan çäýnegiň şekilini biçip, gelşirip kök atmaly. Ak pamykdan alnan içligini hem iki gat halda deňme-deň biçip, ýazgyn halda sünnäläp kök atmaly. Onsoň çäýnek şekilli daşky görnüşiň üstüne pamygy goýup kök atmaly.

Çäýnegiň jürnüginiň, tutawajynyň durjak ýerini tikin maşynynda gelşikli edip, tikip, berkitmeli. Örtügiň ýokarsyna we gyralaryna gelişýän parçadan gyýy aýlamaly. Gelin-gyzlarymyz dürli görnüşli parçalaryň owadan ýerinden  çäýnek örtügini tikip bilerler.

Taýýarlan Ogulbaýram KULYÝEWA,
mirasgär.